Adamyň durmuşy daşky gurşaw, tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa ulgamy häzirki zamanda adamzat jemgyýetinde iň ileri tutulýan meseleleriň uly bölegini özünde jemleýän hem-de ýygy-ýygydan ýüzlenilýän ugra öwrüldi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly öňden görüjilikli baştutanlygynda ata Watanymyzda ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamalary işjeň hereket edýär. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigat we onuň baýlyklaryny aýawly saklamak barada ilatyň düşünjesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramagyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler üstünlikli amala aşyryldy.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça kanunçylyk binýady halkara kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balykçylyk we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Öri meýdanlary hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzyň, sebitiň, bütin Ýer şarynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge degişli çäreleriň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze döwrebap obanyň düýbüni tutup bermegi bilen, bu ýerde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ajaýyp kölüň töwerekleriniň ekologiýa talaplaryna laýyk özleşdirilmegi Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ol zerarly ýerleriň şorlaşmagynyň mukdaryny azaltmaga saldamly goşant bolar.
Ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda ýaşyl ösümlikler aýratyn ähmiýetli hasaplanýar. Sebäbi gür baglyklar, dürli ösümlikler howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, onuň düzümini arassalaýar, munuň özi, adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Mähriban Arkagadymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň hem dowam etmegi netijesinde her ýyl ýurdumyzda agaç nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylýar. Olar ýurdumyzyň obadyr şäherlerine görk bermek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga möhüm täsir edýär.
Çarymuhammet BERDIÝEW,
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Inžiner mehanika fakultetiniň talyby