Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.
Islendik döwletde, islendik jemgyýetde ylym-bilim durmuşy kämilleşdirmek üçin iň ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim, ýaşlar hakdaky alada döwlet syýasaty derejesine göterilip, ol hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şeýle giň möçberli özgertmeler esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, geljekde ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge şert döredýär.
Bilim ulgamy — munuň özi, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasaty bilen berk baglanyşykly bolup, ol ertirki günüň esasy aladasydyr. Häzirki wagtda ylym-bilim özgertmelerini dünýä derejesine çykarmakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ýokary okuw mekdeplerini gurmak hem-de ylmy işgärleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek meselelerine düýpli çemeleşilýär. Ylym-bilim ulgamyndaky her bir özgerişlik bolsa tutuş döwletimize dahylly bolup, ol bagtyýar halkymyzyň geljege bolan mizemez ynamyny has-da berkidýär.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin birnäçe hukuk namalary hem kabul edildi. Hereket edýän bilim babatyndaky kanunçylygymyz kämilleşdirilip «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini aýdyňlaşdyrýar. Bu Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär.
Mundan başga-da, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda gol çekilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde hem ylym-bilim babatda aýratyn tapawutlanýan talyp ýaşlar we ýaş hünärmenler üçin birnäçe mümkinçiliklerdir durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr. Bularyň ählisi bolsa geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri has-da yhlasly okamaga, önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Yslam Tyllanurow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň dekany