Türkmenistanyň Mejlisi 2020-nji ýyly «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etmek hakynda Karary kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna ýazylýar. Tamamlanyp barýan ýyl türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, demokratik başlangyçlaryň ösdürilmegi, halkymyzyň maddy, ruhy-medeni, taryhy mirasynyň we däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Geçip barýan ýylda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler halkymyzyň döredijilik güýjüniň we mümkinçilikleriniň egsilmezdigini, täze ýylda has belent sepgitlere ýetip biljekdigini ýene-de bir gezek subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyjyny goldap, Türkmenistanyň Mejlisi 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etmegi karar etdi.