Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz, XVIII asyrda türkmen dünýäsinde öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, döwlet–hukuk taglymatlaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Mysal hökmünde aýtsak, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Köpetdagyň eteginde bina edilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli beýik şahyrymyzyň baý döredijilik mirasyna nesilleriň çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüler.

Bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda iňlis, türk, rus, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillerine terjime edildi.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen döwletiniň garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk, ata-enä hormat, asudalyk we agzybirlik, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk, edep-ekram, ýaşlaryň terbiýesi, adat-kadalara hormat goýmak ýaly duýgular ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar.

Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda halky agzybirlige, jebislige, Watana wepalylyga çagyrýar. Şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir. Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.

Magtymguly Pyragynyň milli döwlet gurmak baradaky gymmatly pikirleri onuň öz döwrüniň ýüze çykaran zerurlygydyr. Milli döwlet hakyndaky garaýyşlary Magtymgulynyň akyl-paýhasynyň önümli miwesidir.

Serdar ORAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň  Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň  4-nji ýyl talyby.