Täze Zelandiýanyň Wellington şäherindäki Wiktoriýa uniwersiteti howply çaklamany öňe sürdi.
Hünärmenler geljek ýyllarda sunami we ýer titremesiniň bolup biläýjek sebitlerini, umuman alanyňda seýsmiki taýdan iň howply sebitleri kesgitläp, 7–9,25 ululykda ýer titremesiniň we sunamileriň bolup biljekdigi barada habar berdiler.
Alymlaryň bellemegine görä, beýan edilen döwürde sunaminiň iň beýigi 28 metre ýeter.Döwletiň özi has hem seýsmiki taýdan işjeň zonada ýerleşýändigine garamazdan, adalara iň soňky gezek howp abanan wagty 2016-njy ýylda bolupdy. Bu barada Täze Zelandiýa hökümeti gerekli ätiýaçlandyrmalary aljakdyny aýtdy.
Sabyrow Röwşen
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby