Türkmeniň guwanjy Magtymguly Pyragy Gündogaryň meşhur medreselerinde okap, zamanasynyň dürli ylymlaryndan birkemsiz baş çykaran akyldar şahyr bolupdyr. Ol halkynyň, Watanynyň berkararlygy, mizemezligi hakyndaky taglymatlary akyl gämisiniň ummanynda ýüzdürip, arzyly kenara ýetiripdir.
Şeýlelikde, beýik söz ussady diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, geljekki nesilleriň ruhunda hem kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ideallaryny, aýdyň pikirlerini miras goýup gitdi. Biziň dürli kitaplardyr makalalardan bilşimize görä, şeýle hem akyldaryň özüniň ölmez-ýitmez şygyrlaryndan belli bolşy ýaly, şahyr atasynyň eserlerinde çeper beýanyny tapan halkyň «özbaşdak, erkin döwlet gurup, agzybir ýaşamak» arzuwyny durmuşa geçirmek ugrunda, bütin tejribedir ylmyna daýanmak bilen, dürli ýollara pikir aýlap, içeri we daşary ýagdaýlary, halkynyň maddy we ruhy ahwalatyny gözden geçirýär hem-de ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýar.
Magtymgulynyň şygyrlarynda, esasan, agzybirlik garaýyşlary agdyklyk edýär. «Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi» diýen setirlerinden görnüşi ýaly, Magtymguly halky garaşsyzlyga çagyrmagyň şahsy merdi-merdanalygy talap edýändigine aýdyň göz ýetiripdir. Ýurt berkararlygyny bolsa halkyň diňe agzybirligi, bitewüligi, jebisligi esasynda gazanyp bolýandygyny nygtapdyr.
Ol bu ugurda bar güýji bilen dalaş edip, ähli ýollary synaýar. Birleşen güýç bilen nämeler edip boljakdygyny, jebisligiň il-güni gysyp-gowurýan, ynsanlyk derejesini kemsidýän, hor-homsy, gözgyny ýaşaýşa sebäp bolýan şertleri özgerdip, azatlygyň, ynsanlarça ýaşamagyň ýeke-täk girewidigini janyndan syzdyryp öz şygyrlarynda beýan edipdir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşyl baýdagynyň Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň öňünde, dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda buýsanç bilen pasyrdap durmagy, beýik akyldarymyzyň ýüreginde beslän mukaddes arzuwlarynyň hakykata öwrülmeginiň subutnamasydyr.
Bu günki gün beýik Pyragynyň arzuwlan döwletini berkarar eden Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirip, öz halkyny ak ýollardan ýagty geljege alyp barýar. Eziz Watanymyzyň çar künjeginde il-ýurt ähmiýetli binalardyr desgalaryň düýbüni tutup, gurluşygy tamamlananlary dabaraly açyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak hem-de halkymyzy has-da bolelin, abadan durmuşda ýaşatmak üçin uly işleri amala aşyrýar.
Ak mermerli Aşgabat bolsa, döwletimiziň gülläp ösüşini alamatlandyryp, dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleri, şonuň ýaly-da gaýry ýurtlarda ýaşaýan arkadaşlarymyzy haýrana goýýar. Ýeri gelende bellesek, Köpetdagyň baýrynda bina edilen Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärligi hem ýakyn geljekde merjen paýtagtymyzyň görküne görk goşar. Munuň özi halkymyzyň akyldar şahyrymyza goýýan aýratyn hormatyndan hem nyşan bolar.
Biz bedew bady bilen ösýän ýurdumyza, onuň gül açýan gözel paýtagtyna — bagt şäherimize buýsanýarys, guwanýarys. Şol guwanç, buýsanç bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap äkitmegini arzuw edýäris.

Wepa SABIROW,
Agamyrat ÇARYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyplary.