Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, syýasaty netijesinde dünýäniň ösen döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy pudagy babatynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan döwletimiz energetika ulgamynda däbe öwrülen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen birlikde, Ýewropa, Aziýa, Günorta — Gündogar ugurlarda göni energetika gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan energetika syýasaty has-da guwandyrýar.
Energiýanyň tygşytly ulanylmagy hem-de önümçilikde maddy çykdajylaryň azaldylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu maksatnamalaýyn wezipeleri göz öňünde tutup, biziň ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018- -2024-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi. Türkmenistan elektroenergetika düzümleriniň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa çeşmelerine islegleri hasaba almak bilen döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de önümçiligi innowasiýalaşdyrmak ýolunda diwersifikasiýalaşdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar.
Türkmenistan diňe bir sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde elektroenergiýany eksport edýän esasy döwletleriň biri bolmak mümkinçiligine eýedir. Pudakda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. Önümçilik we durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň mäkäm binýady döredilýär. Döwletimiziň goldaw bermegi bilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär, elektrik toguny paýlaýjy kömekçi desgalar gurulýar. Paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär. Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy baradaky meseleleri üns merkezinde saklap, energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan strategik ugur bolup durýar. Elektrik energiýasynyň öndürilişini, iberilýän ugurlaryny artdyrmak, döwletimizde alnyp barylýan energetika syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!
Kerim ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.