Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýene bir täze derejä göterilýär. Pudaklaryň ählisinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň täze modelini has kämilleşdirýär. Hut sanly ulgamyň hasabyna dolandyryş işleri sazlaşykly ýöredilip ugraldy. Ilat üçin sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberi artýar. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen elektron we ylmy ulgamy özleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hem oňyn çözülýär. Hut şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň diňe bir mukdary artman, hili hem gowulanýar, elýeterli nyrhlar emele gelýär, ýaşaýyş-durmuş amatlylyklary köpelýär. Milli ykdysadyýetimizi has hem ösdürmek, ilatyň harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi goşmaça iş ýerlerini döretmäge hem ýardam berýär.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň netijesinde emele gelen nyrhlaryň elýeterliligi, önümleriň bolçulygy halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öz belent wezipesine girişen ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge degişli wezipelere üns bermegi hem ýöne ýerden däldir. Sebäbi kuwwatly ykdysadyýet bolelin ýaşaýşy üpjün edýär, ony elmydama täze derejelere göterýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda önümçiligine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýan milli ykdysadyýetimiziň ilatyň esasy isleglerini köpçülikleýin kanagatlandyrmaga bolan ukyby emele geldi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň işe girizilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy we azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň oňyn netijesidir. Üstesine, Türkmenistan çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine hem eýe bolýar. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerine daşary ýurt bazarlarynda islegiň örän uludygyny hem bellesek, onda biziň hyzmatdaşlyk edýän ugurlarymyzyň has giňelýändigi aýan bolýar. Ekerançylykdaky oýlanyşykly çemeleşmeler ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen suwy netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda häzirki günübirin durmuşa geçirilýän işler oba hojalyk ekinlerinden alynýan dürli önümleriň bolçulygynyň ýene-de dowamly artmagyna täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda sazlaşykly ösüşleri üpjün edýän milli ykdysadyýetimiziň emele gelen nusgasy Türkmenistanyň ösüşleriniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirjek täze mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň gazanan uly bir artykmaçlygydyr. Ýetilen sepgitler Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň oňyn netijelerini görýändigini aýdyň görkezýär.
Bahar SOPYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.