2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.

Häzirki wagtda institutda 7 fakultet we 26 kafedra hereket edýär we 3 müňden gowrak talyplar 9 ugur we 29 hünär boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar.

Institut Türkmenistanyň döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar we her ýylda 600-den gowrak ýokary bilimli hünärmenleri goýberýär.

Azat HALMYRADOW,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň talyby