Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde-de, edil bu maşgala baýramyna
taýýarlyk görülýän döwründäki ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak
bazarlarymyzyň gelim-gidimi asla kemelenok. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän
onlarça bazarlardyr köpugurly söwda merkezleri, dükanlary bu babatda aýratyn
bellenilmäge mynasyp. Olardaky haryt bolçulygy, dürli görnüşli täze ýyl
sowgatlyklary, süýji-kökeler, şirinlikler salnyp, baýramçylyk ruhunda sünnälenip
taýýarlanan ululy-kiçili sebetler we beýleki azyk önümleri görseň gözüňi
dokundyrýar.
Paýtagtymyzdaky şeýle gelim-gidimli bazarlaryň biri-de “Garaşsyzlygyň 15
ýyllygy” söwda merkezidir. Şu günler bu ýerde söwdasy edilýän, esasy geçginli
harytlar – täze ýyl sowgatlyklary, baýramçylykda saçaklarymyzy bezejek azyk
önümleriniň dürli görnüşleridir.
Söwda merkezinde islendik satyjy ýa-da alyjy bilen gürrüňdeş bolanyňda-da,
olaryň sözleridir nurana ýüzlerinden bagtyýarlyk alamatlary duýulýar.
Kakajan ATAÝEW, satyjy:
— Şu günler bu ýerde söwda ir ertirden giç agşama çenli gyzgalaňly dowam
edýär. Biz hem bu ýerde alyjylara dürli görnüşdäki, dürli ölçegdäki täze
ýyl sowgatlyklarymyzy hödürleýäris. Alyjylary höweslendirmek üçin
hemem olaryň Täze ýyl baýramlaryna sowgat hökmünde dürli görnüşli
aksiýalary, arzanlaşyklary hem yglan edýäris.
Täze ýylyňyz gutly bolsun! Bereketli ýyl bolsun!
Ajap JEPBAROWA, 16-njy dükanyň satyjysy:
— Täze ýyl baýramynda ildeşlerimiz diňe azyk önümlerini ýa-da
süýjülikleri däl-de, biziň satýan dürli reňkli, ýokary hilli matalarymyzy
hem sowgatlyk hökmünde satyn alýarlar. Şonuň üçin biz hem täze ýyly
garşylaýan döwrümizde alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga
mynasyp goşant goşýandygymyza begenýäris. Satýan matalarymyzyň
köp bölegi bolsa hut öz ýurdumyzda öndürilen. Olara isleg örän ýokary.
Täze ýyl düşümli, düşewüntli ýyllaryň biri bolsun!

Alyjy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

— Söwda merkezine ýygy-ýygydan gelýäris. Bu ýerde harytlaryň köp
sanlysy amatly bahalardan satylýar. Elýeterli bahalaryň kesgitlenilmegi,
arasynda dürli görnüşdäki aksiýalaryň, bonuslaryň, arzanlaşyklaryň yglan
edilmegi biziň alyjy hökmündäki isleglerimizi has-da artdyrýar. Täze ýyl
üçin azyk önümlerini, birnäçe sowgatlyk harytlary hut şu ýerden söwda
etdik.
Täze ýylyňyz gutly bolsun! Rysgal-döwletli, bagt getirýän ýyllaryň biri
bolsun! Saçaklarymyzyň berekedi egsilmesin!

Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.