ABŞ-nyň Florida ştadynda Gatorland Orlando haýwanat bagynda özboluşly ak alligator dünýä indi. Adaty bolmadyk bu waka edara tarapyndan sosial ulgamda öz web sahypasynda çap edildi.Onuň doglandaky agramy 96 gram boldy.
Gatorland haýwanat bagynyň başlagy Mark McHugh bu ugurda 15 ýyl bäri iş alyp barýandyklaryny we soňunda garaşylýan netijäni alandyklaryny aýtdy.
Onuň reňkiniň ak bolmagynyň esasy sebäb hem deriniň reňk pigmentiniň ýitmegine sebäp bolýan mutasiýa bolup durýar. Haýwanat direktory Mark McHugyň pikiriçe, bu ýagdaý hakykatdanam özboluşly bir waka boldy.
Artykmämmedowa Täzegül
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby