Bilermenleriň aýtmagyna görä atraktidada ýerleşýän azon gatlagynyň deşigi rekord derejede ulaldy.Atmosfera gatlagynyň biri bolan azon gatlagy ýyllardyr agzalýan meseleleriň biri bolup durýar.Soňky habarlara görä,deşigiň ululygy 26 million kilometr kwadrata ýetdi.Bu barada ýyllardyr aýdylýan gürriňleriň biri hem ulanylýan dezodorantlar azon gatlagyna zyýan ýetirýärmi?
Dezodorantlaryň düzümindäki CFC gazlary howada parçalanmaýar we garşysyna çykan beýleki molekulalar bilen birleşmezden atmosferanyň ýokarsyna çykýar.Netijede azon gatlagyna çenli baryp ýetýär.Şeýlelik bilen azonyň düzümindäki molekulalary dargatýar we azon gatlagynyň ýukalmagyna getirýär.
Onuň inçelmegi has ýykyjy netijelere getirip biler.Iň başda bolsa deri keselleri, rak, aşgazan we başgada birnäçe keselleriň köpelmegine ýol açýar.Ol diňe bir adamzada dälde haýwösümlik dünýäsine hem öz zyýanly täsirini ýetirýär.
Bilermenler bolsa emeli hemralaryň kömegi bilen alynan iň soňky suratlara esaslanyp onuň ululygy 26 million km² bolandygyny aýtýarlar. Azon gatlagynyň deşilmegi bolsa howanyň temperaturasynyň düýpgöter üýtgemegine we has hem erwet netijelere getirip biler diýp bilermenler belläp geçýär.

Ogulbagt ALLANAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.