Esasy satyn alyjy Hytaýyň Halk Banky 23 tonna, ikinji bolup Türkiýäniň Merkezi Banky 19 tonna we Polşanyň Milli Banky 3 tonna ýetdi.
Özbegistan gymmat bahaly metalyň iň iri satyjysy boldy we 11 tonna barabar boldy. Ondan soňky orunda 2 tonna altyny satan döwlet Gazagystan bolup durýar.
Oktýabr aýynda dünýäde altyn satuwynda öňdebaryjydygyna garamazdan, Özbegistan altyn ätiýaçlyklaryny 339 tonna çenli azaltdy. Oktýabr aýynda Özbegistandan 1,23 milliard dollarlyk altyn eksport edildi we 10 aýyň içinde bolsa eksport rekord 6,87 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokary. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Merkezi Banky 0,7 million troy unsiýa satdy, bu bolsa 21,7 tonna altyndyr .
Şeýle hem Özbegistandaky Muruntua magdany dünýädäki iň iri altyn ýataklarynyň biri hasaplanylýar. Bu ägirt uly altyn magdany bir ýylyň dowamynda 2 million onsdan (1-ons =31,1 gram) gowrak altyn öndürýär.
Mundan başgada ýurtda birnäçe altyn magdanlary bolup, Özbegistan altyn ýataklary boýunça dünýäde dördünji, altyny öndürmek boýunça bolsa dokuzynjy ýerde bolup durýar.
Ýagşygül Çaryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby