Üstünlik gazanmak we üstün bolmak hiç bir adama hem mümkin däl zat däldir, ýa-da bu babatda kimdir birine artykmaç mümkinçilik
berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak, hötdesinden geljek zadydyr. Ýöne munuň beýleki tarapyny hem gözden salmalyň, onuň ýeňil-ýelpaý bolmadyk tölegi hem bar ahyry. Bahasyny bermeseň, ony awlap, kapasaňa salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy maňlaýyňy
derledip, zähmet çekmek we öz işiňe berilmekdir. Şikaýatdyr zeýrenjiň degresinden hem ötmezlikdir.
Üstünlik gazanmagyň ýollary
Birnäçe dilleri öwreniň, olar siziň mümkinçilikleriňizi giňelder. Olar size täze tanyşlyklary, täze düşünjeleri döreder. Öwrenýän diliňiziň has bähbitlisini gözläň, meselem size wenger dilini öwreneniňizden hytaý dilini öwreneniňiz has bähbitli bolup biler.
Elmydama öz edýän işiňize höwes döretmegi, yhlasly ýapyşmagy başaryň, höwes bilen ýapyşylan işden irip bolmaýar. Gyzyklanyp, yhlas bilen edilen iş sizi üstünlige ýetirer, bagtly adam edip ýetişdirer.
Peýdaly we ýokumly önümler bilen iýmitleniň. Çilim çekmek, alkogol içgiler, GMO-lar, BIG-ler bular siziň eliňiz bilen agzyňyza salýan zir-zibilleriňizdir. Öz organizmiňizi zibilhanadan
tapawutlandyrjak bolsaňyz alkogolly, gazly, reňkli içgileri, kofe, şeker, uzak möhlet saklanan azyk önümlerini öz iýmit zynjyryňyzdan çäklendiriň.
Her hepde bir kitap okamaga endik ediniň. Bu sizi üstünlige ýetirer, kämilleşdirer. Kitaplar bilen üstünlik gazanjak bolsaňyz söýgi romanlary, söýgi setirleri ýene şuňa meňzeşler edebiýat we medeniýet adamsy, işgäri bolmajak bolsaňyz size peýda getirip bilmez. Olar sizi diňe hyýaly durmuşda ýaşadýar. Onuň deregine kämilleşdiriji, öwrediji eserleri okaň. Özüňizi kämilleşdirmek üçin okan maglumatlaryňyzy beýniňize siňdirip, durmuşda ulanmaga çalyşyň.
Sport bilen işjeň meşgullanyň, täze-täze ýerlere syýahat ediň, arassa howada tebigatda gezelenç ediň. Bu siziň ruhy baýlygyňyzyň,
beden saglygyňyzyň üstüni ýetirer. Adam ruhy we beden taýdan kämilleşmegi unutmaly däldir.
Özüňize ýandepderçe (gündelik) dörediň. Zerur bolan maglumatlaryňyzy, öňüňizde goýan maksatlaryňyzy, olaryň strategiýasyny düzüň. Ýandepderçäňiz mydama ýanyňyzda bolsun, täze pikir, täze ideýa dörese, şol pursat, soňa goýman, wagt ýitirmän ýandepderçäňize bellik etmäge endik ediň.
Her birimiziň öýümizde ýaşaýan duşmanymyz telewizor, internet näçe özüne çekiji bolsa-da ondan daşda duruň. Telewizor biziň ähli
wagtymyzy iýiji, adamzady akylsyz ediji gurluşdyr. Telewizoryň dioganal ululygy, siziň aklyňyzyň ululygyna ters proporsonaldyr.
Säher bilen tur, şonda kelle arassa hem erkin bolýar. Irden bu günki etmeli işleriňi meýilleşdir, olary bellige al, irdenki günüňi fiziki işjeňlige sarp et, seniň irdenki günüň nähilli başlanýan bolsa ol bütin günüňe täsir edýär.
Töweregiňdäki adamlar seň bilen deň düşünjeli ýa-da ýokary düşünjeli akylly adamlar bolsa gowy. Olar seniň durmuş ýoluňy ösdürmäge, dogry ýol bilen gitmäge gönükdirýär. Kör zehin, kütek düşünjeli adamlar seniň dünýägaraýşyňa ters täsir edip, seni maksatlaryňdan sowýar. Bu ýerde şu tymsaly ýatlamak ýerlikli bolar.
Bir daýhan mellegine bulgar burç bilen ajy gyzyl burç ekýär. Hasyl ýygnalanda bulgar burçunyň-da tagamynyň ajydygyny görýär. Süýji bulgar burçy ajy gyzyl burç bilen ýanaşyk ösüp, ajy gyzyl burçdan tozgalanyp, ajaýar. Adam hem şeýledir. Bu barada pederlerimiz
“Gazana ýanaşsaň garasy ýokar” diýendir.
Öz sowadyňy, emeliňi, hünäriňi, maglumatlaryňy ýakynlaryň, töweregiňdäkiler bilen paýlaş. Seniň iki agyz aýdan sözüň bir adamyň durmuşyny bütinleý üýtgedip biljegine düşün. Sözüň uly güýji bar, ol güýjüň çeşmesi seniň aklyňdyr. Akylly, päk adamyň sözleýşi arassa, dili süýji bolýar.
Diňlemäni başarmaýan adama düşündirjek bolma, her bir adam öz dünýäsinde ýaşaýar, öz akyl ýetirişine görä netije çykarýar. Her ynsan
dünýä öz akyly, öz gözi bilen seredip, öz akyl ýetirişi, düşünişi boýunça-da netije çykarýar.
Diňe hakykat bilen, çynyň bilen ýapyşylan işiň oňat netije berýändigini hiç wagt unutma. Biziň ählimiz ujypsyz üstünliklerden başlaýas, ownuk ýeňişlere, üstünliklere biparh seretmäň. Ol biziň geljekki uly üstünliklerimiziň bir bölegidir. Eger yzygiderli we sabyrly bolsaňyz, siz hökman üstünlige ýetersiňiz. Hiç kim bir gijede üstünlik gazanmaz, üstünlik sada öňegidişlikden başlanýar.
Birine bolan gahar gazabyňy özüňde saklamak, edil eliňde ýanyp duran daşy saklaýan ýalydyr. Başga birine oklajak bolup, ýene-de ol
alawdan özüň bişersiň. Özüňde saklaýan gaharyňy unutmagy başar, her bir adam ýalňyşýandyr, ýalňyşmaýan adam ýok, ýalňyşany bagyşlamak bolsa mertlikdir. Bagyşlaň! Bagyşlamagy başaryň!

Hommodow Geldi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby