Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw tejribe hojalygy talyplaryň nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribe usulynda öwrenmek üçin niýetlenen bolup talyplar bu ýerde teoriýa esasynda öwrenen bilimlerini tejribe esasynda has aýdyň göz ýetirýärler.
Umumy meýdany 450 gektardan gowrak bolan okuw tejribe hojalygynda institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda mundan beýläkde ösdürmekde birnäçe ylmy işleri alyp barýarlar. Bulara mysal edip suwy tygşytly ulanmak maksady bilen damjalaýyn we ýagyş ýagdyryp suwarmak, oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşmegiň täze usullary, oba hojalyk mallarynyň et we süýt önümliligini artdyrmakda, oba hojalyk ekinleriniň şora we suwsuzlyga çydamly sortlaryny döretmekde, miweli baglary ýapragyndan iýmitlendirmegiň usullary we başgada ençeme ugurlarda ylmy işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Türkmen oba hojalyk instituty ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.
Pursatdan peýdalanyp bize şular ýaly eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutymly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Erkin Annageldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby