Kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň öwezini dolmak üçin ozal uly agaç nahallaryny oturtmagy goldaýan daşky gurşawy goraýjy Tomas Krowter pikirini üýtgetdi.

BMG-nyň Dubaýda howanyň üýtgemegi  bilen baglanyşykly geçiren konferensiýasynda biodürlüligi basyp ýatyrmak we uglerodyň bölüniş netijeliliginiň bolmazlygy ýaly köpçülikleýin agaç nahallarynyň oturdylmagynyň zyýanly taraplaryna ünsi çekdi. Krowter, şeýle hem agaç nahallaryny zyňyndylary azaltmazlyk üçin bahana hökmünde ulanyp boljakdygyny duýdurdy. Bar bolan tokaýlary gorap saklamaga, tebigy taýdan ösmegine ýol açmaga çagyrdy, sebäbi bu zyňyndylaryň öwezini dolmagyň has täsirli boljakdygyna ynanýar. Krowter indi daşky gurşawy goramakda hakyky oňyn netijeleri gazanmagy maksat edinýär.

Ekologyň pikirleri ozal ylmy jemgyýet tarapyndan birnäçe gezek tankyt hem edilipdi.

Meredowa Merjen

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby