Soňky bäş ýylda Moskwanyň balyk gaýtadan işleýän pudagy önümçiligiň mukdaryny 83% ýokarlandyrdy. Balygy gaýtadan işlemegiň mukdary 2019-njy ýylda 25,5 müň tonnadan 2023-nji ýylda 60 müň tonna çenli ýokarlandy.
Moskwa sebitinde, 2023-nji ýylyň dekabrynda konserwirlenen balyklaryň umumy mukdarynyň 22% -den gowragy öndürilýär diýip, sebitiň oba hojalygy we azyk ministrligi habar berýär. Geçirilen barlaglara görä bu kategoriýadaky harytlaryň önümçiligi bäş ýylda 83% ösdi.
Sebitde balyklary gaýtadan işlemegiň iň işjeň ösýän ugurlary, taýýar balyk önümlerini, pomidor sousunda konserwirlenen balyklary we doňdurylan balyk önümleri bolup durýar. Mundan başga-da, Moskwa balyk önümlerini beýleki sebitlere-de işjeň eksport edýär. Mysal üçin, 2023-nji ýylda Belarus, Gazagystan, Moldowa we Ermenistan bazarlaryna 8 müň tonna balyk önümlerini eksport edildi.
2023-nji ýyl üçin Moskwa sebitindäki iň uly balyk gaýtadan işleýän kärhanalar:
“RoyalFish”
“Agama Royal Grenlandia”
“Promore”
“RPZ Poseidon”
Russiýa hökümeti bolsa bu ugurda mundan beýläk hem ýokary görkezijilere eýe boljakdygy barada aýtýar.
Mollaýew Meýlis
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby