Ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde saklanýar. Tebigaty goramak ulgamynda hereket edýän milli kanunçylygymyz ösen döwletleriň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi eziz Diýarymyzyň bu ugurda ýokary tejribeli döwletdigini görkezýär.
«Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ekologiýa syýasatynyň aýdyň miweleridir. Tutanýerli işleriň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär.
Soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini büreýän «gök zolaklar» ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýaşaýan ýerimiziň daşky gurşawynyň abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilen kadalar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk ýörelgesidigini subut edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tutumly işler alnyp barylýar. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň arassalygyna gönükdirilen bu işleriň netijesinde, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň çar künjeginde bagy-bossanlyklar, saýaly we miweli agaçlar bilen gurşalan «tokaý zolaklary» peýda bolýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.
Tebigaty goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler aýratyn bellärliklidir we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ähmiýetlidir. Ekologiýa degişli «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bulardan başga-da, «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän möhüm resminama boldy. Şeýle hem ýuridiki we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtyndaky maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň, şonuň ýaly-da, dünýäniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň goraglylygyny ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalar edýän, netijede, ynsan saglygyny baş wezipä öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!
Ömürsöýünowa Gunça,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.