Injir agajynyň miwesi suwly, süýji tagamly bolýar. Onuň düzüminde 10-20 göterim gant, A, C, B, B2 witaminleri, 0,12-0,35 göterim limon kislotasy saklanýar. Mineral duzlardan fosfor, magniý, kalsiý bardyr. Injir düzüminde kaliý elementini köp saklaýandygy üçin ýürek, gan-damar kesellerine juda peýdalydyr, çünki injir miwesinde fibrin beloklaryna täsir edýän fisin fermenti bar, ony damarlada gan uýama emele gelende ulanmak maslahat berilýär. Injiriň bişen ter miwesi azganlylykda peýdalanylýar. Injir miwesiniň buşukdyryjy we iç sürüji häsiýeti gadym wagtlardan bäri belli bolup, ol iýmit siňdirişi kadalaşdyrmak üçin hem-de peşew bölüp çykaryşyny artdyrýan serişde hökmünde ulanylypdyr. Halk medisinasynda injir miwesiniň gaýnadylyp alnan ergini ýa-da mürepbesi derlediji we gyzgyny peseldiji serişde hökmünde haýyrlanylýar. Bişen miwesiniň süýtde ýa-da suwda gaýnadyp alnan ergini basyk (angina) keselinde, ses gyrylmada, üsgülewükde bokurdagy çaýkamak, bronhitde gakylyk goparyjy iň oňat serişde hasaplanylýar, gaýnadylyp alnan erginini aşgazan keselinde (gastritde), iç gatamada içmek maslahat berilýär. Dömme çişleriň tiz bişip ýarylmagy üçin ter injir miwesi ýa-da suwa öllenen kaky ýapylýar. Injiriň süýt reňkli şiresi hem ýaralary bejermekde we düwürtikleri aýyrmak üçin ulanylýar.
Armyt
Armyt-edara işgärleri üçin iň gowy miwedir. Hut şu miwe gaharjaňlygyň, argynlylygyň, göwnüçökgünliligiň, ukusyzlygyň we hatda has agyr nerw bozulmalarynyň hem öňüni alýar.Lukmanlaryň aýtmagyna görä, armytda köp sanly witaminleriň bardygy üçin iýmit siňdiriş ulgamynyň tebigy demoksikatory bolup durýar. Bu miwäni yzygiderli iýmek , diňe bir deriniň durlanmagyna, saçlaryň sagdyn ýalpyldawuk bolmagyna ýardam bermän, eýsem argynlygy hem aýyrýar. Onuň şu häsiýetlerini göz öňünde tutup, günde iki sany armyt iýmek peýdalydyr.
Hojadowa Merjen,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby.