Temperament-ülüşlilik psihikiň tebigy esasy we häsiýetnamasydyr. Ol hereket-duýgylaryň işjeňligini, çaltlygyny, haýallygyny, galjaňlygyny ýa-da asudalygyny, sözleýşe göwünjeligini ýa-da aragatnyşyga meýilsizligini, galagoplugyny ýa-da äwmezekligini, daşky gurşawa uýgunlaşmak aýratynlygyny kesgitleýär.
Ýöne agzalan häsiýetler diňe bir temperamente bagly bolman, olar adamyň meýillerine, ýagdaýa, işe bolan gatnaşygyna hem baglydyr. Şeýle iki mazmunlylygy aradan aýyrmak üçin temperamenti-ülüşliligi meýil-gatnaşyklaryň döredýän özüňi alyp baryşdan tapawutlandyrýan goşmaça şertler esaslandyrylmalydyr.
Birinjiden, meýillerden tapawutlykda temperamentiň-ülüşliligiň şol bir häsiýeti şol bir adamda onuň işiniň dürli görnüşlerinde we dürli meýil-gatnaşyklarynda ýüze çykýar.
Ikinjiden, temperamentiň-ülüşliligiň häsiýetleri örän durnukly bolup, olar adamyň iş-durmuşynyň uzak ýa-da bütin dowamynda ýüze çykýar.
Üçünjiden, temperamentiň-ülüşliligiň dürli häsiýetleri bir-biri bilen totänlikde utgaşman, durnukly kanunalaýyklykda baglanyşýandyr. Munuň netijesinde döreýän durnukly gurluş temperamentiň-ülüşliligiň tipini-umumy görnüşini düzýär.
Birinji şert barada aýdylanda adamyň galagoplulygy temperamentden-ülüşlilikden gaýdýan bolsa ol onuň okuw, zähmet, oýun işlerinde ýagdaýyň mazmuny hat-da özüne bähbitsiz bolanda hem şol bir adamda ýüze çykýar. Eger-de bu häsiýet diňe özüne oňaýlylyk (kesekiniň rehimdarlygyny gazanmak) meýli esasynda döreýän bolsa, ol ýagdaýyň bähbitlilik häsiýetnamasynyň üýtgemegi bilen üýtgeýär.
Temperamenti-ülüşliligi aýgyt edýän ikinji şert bu gurluşyň esasynda döreýän sypatyň adamyň ömrüniň iňňän uzak dowamynda (eger bedeniň gurluşyny düýpgöter üýtgedýän gyzdyrma keseli ýaly sebäpler bolaýmasa) oňa hemra bolandygyny aýgyt edýär.
Adam temperamenti-ülüşliligi boýunça galjaň, gany gyzma bolsa, ol edil şonuň ýalyda çalt sowaýan we bu halda goýberen nogsanlygyna öýkünmek bilen bolýar. Gyzmalygyň kanunalaýyklykda sowamak bilen utgaşmagy diňe temperamentden-ülüşlilikden gaýdýan özüni alyp barşa mahsusdyr. Edil şonuň ýaly-da fiziki güýji ejiz, işde çalt ýadaýan häsiýetli temperamentde-ülüşlilikde bu ýetmezçilik onuň iňňän ýokary duýgurlygy bilen öwezi doldurulýar.
Gadymy grek alymy Gippokrat temperamenti adamyň beden-psihologik gurluşyna görä 4 görnüşini tapawutlandyrýar:
- Sangwinik.
- Melanholik.
- Holerik.
- Flegmatik.
Sangiwinikde-gansow ülüşlilikde duýgy örän çalt döräp, ol özüniň daşky özüňi alyp baryşda ýokary işjeňligi, emma içki syzylyşda ýüzleý, dowamly bolmadyk syzylyşy bilen tapawutlanýar. Bu hili adamlar nätanyş ýagdaýda özüni ýitirmeýän, hemmeler bilen esentanyş, höwesleri çalt üýtgeýän, beýleki adamlara çüňňur könül.berip bilmeýän, oňa meýli peselýän, özüni alyp barşy umuman şähdiaçyk adamlardyr.
Melanholik – gara ötsow ülüşlilikde duýgylaryň daşky özüňi alyp baryşdaky ýüze çykyşynyň ýüzleýligi onuň adamyň içki dünýäsinde örän çuňňur we dowamly syzylyşy bilen utgaşýar. Ol ýokary duýgurlykdaky surat alynýan ýarkanyň yşykdan gorkuşy ýaly, daşky gurşawyň nätanyş, duýdansyz, fiziki güýji agdyk täsirlerinden çekinýär, aljyraýar. Uýgunlaşmadyk derejesinde daşky sähelçe päsgelçilikleri ýeňip bolmaýan garşylyk häsiýetde kabul edýär, ujypsyz sebäplerden galagoplulyga, gaýgy-gussa batýar. Öwrenişilen gurşawdyr, ýagdaýlarda bolsa oňa adaty işjenlikde we öndürüjilikde zähmet çekmek mahsusdyr.
Holerik – ötsow iş ülüşliligi hökmünde özüniň herekerleriniň kadasyzlygy, döreýän päsgelçiliklere ýokary galjaňlygy, işiniň gidişine ýokary göterilişler we düşnüksiz ruhy peselmeleriň mahsuslygy bilen tarawutlanýar. Bedeniň fiziologik ulgamy umuman ýokary güýjenmede bolýan bu hili adamlaryň işiň başlangyç döwürlerinde esasy güýç ätiýajyny sarp edip, onuň soňlamasy pese düşýän netijelilikde amala aşyrylýar. Hut şeýle güýjenme onuň päsgelçilikli ýagdaýlarda sowukganlylygyny ýitirmeklige getirýär.
Flegmatik – nemsow iş ülüşliliginiň ikinji görnüşi bolup, ol daşky täsirlere örän haýallykda jogap hereketlerini gaýtarýan, daşky we içki päsgelçiliklere durnukly we dowamly garşy durýan, özüniň umumy sowukganlylygy bilen tapawutlanýar. Işe girişmesi haýal bolsa-da onuň tabyny ele alansoň maksada birsydyrgyn işjenlikde ýetmegi başarýar. Gurşawyň duýdansyz üýtgeşmelerine haýal uýgunlaşýar. Nemsowa umuman sowukganlylyk mahsusdyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Agamyradow Nazar