Alymlar beýniniň böleklerine meňzeýän käbir ýöriteleşdirilen enjamlary döretmekde öňe gidişlik edýärler. Bularyň arasynda täze işlenip düzülen programmirläp bolýan rezistor bar.

Rezistorlar adam beýnisinde bar bolanlara meňzeş nerw ulgamlaryny döretmek üçin ulanylyp bilner. Gyzykly tarapy, täze enjam hakyky beýniniň sinapslaryndan takmynan million esse çalt işläp biler. Synaps, nerw impulsyny geçirmäge hyzmat edýän iki neýronyň arasyndaky aragatnaşyk nokadydyr.

Rezistorda fosfosilikat aýnasy ulanylýar. Ol, gurluşa 10 wolt impuls berilen wagtynda, protona ozal görünmeýän tizlikde onuň üstünden geçmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle rezistorly ulgamlar emeli intellekt modelleriniň öwreniş tizligini ep-esli ýokarlandyrar.

Atajayewa Arzygül,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň,
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.