Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine, Garaşsyz döwletimize ak ýürekden gulluk etmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berýän halkymyz bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär.

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

On iki ýyllyk umumy bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýulýar hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda täze binalaryň sany hem artdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmakda, şu günki ýaşlara döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişden şu güne çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek däbe öwrüldi.

Bilim öwrenmegiň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmäge ýardam berýär.
Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgamlar döredilýär we netijeli hereket edýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawy döredilýär, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar.

Hajymyrat MYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň  iňlis dili hünäriniň  talyby.