Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, taryhymyzy, beýik şahyrlarymyzyň milli, edebi, çeper mirasyny öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde, şeýle hem şol beýik, meşhur şahsyýetlerimiziň senelerini dabaralandyrmak babatynda uly mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň beýik akyldar ogly, söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi, şan-şöhraty, abraýy diňe bir halkymyzyň arasynda sarpalanman, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem onuň mertebesi, at-abraýy has-da belentde tutulýar. Akyldaryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir- garaýyşlary, durmuş zerurlyklaryny beýan edýän köpugurly pelsepewi taglymatlary şu günki kämil jemgyýetimiziň akyl hem-de ruhy goldawy bolup hyzmat edýär. Beýik şahsyýetiň çeper söz arkaly aňladýan pikirleri, garaýyşlary we gymmatly öwütdir-ündewleri edebiýaty öwrenijileriň ünsüni öňden bäri özüne çekip gelýär.
Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesine düýpli aýratynlyklar bilen bir hatarda onuň bütin dünýä ähmiýetli halklaryň gatnaşyklary, parahat asuda durmuşda, Berkarar döwletde agzybir, bir supranyň başyna jem bolup ýaşamaklary ugrunda eden arzuw- niýetleri, onuň döredijiliginde baş pikir bolup janlanýar.
Ruhy gymmatlyklary umumylaşdyrmak, baýlaşdyrmak, halky birleşdiriji güýje öwürmek akyldaryň döreden şygyrlarynyň esasy pikiri bolmagynda galýar.
Agzybirlik, birleşmek, bitewi döwlet gurmak pikirini Magtymguly Pyragy umumy görnüşde dürli deňeşdirmeleriň ýa-da meňzetmeleriň üsti bilen diňleýjiniň aňyna, kalbyna ussatlyk bilen ýetiripdir.
Hormatly Prezidentimiz dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine şeýle baha berýär: “ Akyldar şahyryň adamzada ýadygär galdyran şygyrlar diwany ýiti zehine, pähim paýhasa eýlenen baý filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr, döwletleri baglanyşdyryp, millionlarça ynsanyň aňyna we ruhy ahlak ýörelgelerine, ýüregine hem-de duýgularyna güýçli täsirini ýetirýär”
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu aýdanlary hakykatdan hem jaýdar bellenen pikirlerdir. Bu günki gün täze taryhy döwürde ussadyň edebi mirasyny içgin öwrenmek, wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini, şygyrýetiniň onuň halkyna goýup giden edebi çeper mirasyny dünýä halklarynyň alymlary tarapyndan berk öwrenilmegi hem-de akyldaryň döredijiligine bagyşlap geçirilýän birnäçe döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, halkara ylmy maslahatlary türkmen halkynyň edebiýatynyň hem-de bu beýik şahsyýetiň döredijiliginiň aň-düşünjesiniň onuň ruhy hem-de medeni gymmatlyklarynyň nä derejede beýikdigini dünýä halklarynyň aňyna berk we kämil derejede ýetirýär.
Bu çäreler häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan öňümizdäki ýylda gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky taryhy wakanyň has-da dabaralanmagyna uly itergi berýär. Magtymgulynyň pelsepeli pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp diňe bir milli bolman, eýsem onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrüldi.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-päýhasa ýugrulan goşgulary bilen dünýä halklarynyň kalbynda müdimi orun eýeledi. Dünýä halklary Magtymguly Pyragyny türkmen halkynyň görnükli beýik şahsyýeti hem- de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň waspçysy hökmünde tanady.
Şeýle hem dünýä bilermenleriniň Magtymguly Pyragynyň eserlerinde raýdaşlyk, jebislik, özara düşünişmek, dostana gatnaşyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ahlaklylyk we deňlik ýaly garaýyşlaryň agdyklyk edýändigini belläp, olaryň ÝUNESKO-nyň öňe sürýän ýörelgeleri bilen kybapdaşdygyna aýratyn ünsi çekýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymdyr-sazlar bu gün Berkarar döwletde bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň toý- baýramlarynyň bezegi. Uly göwrümli saz eseri hökmünde “Magtymguly” operasyny, dutar bagşy sazandalarynyň has takygy Sahy Jepbarowyň, Mäne Garaýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň “Pyragy” sazyny hem-de halkymyzyň arasynda aýdymlary uly hormat-sarpa bilen diňlenilýär.
Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň uly ussatlyk bilen döredip, ýerine ýetirýän aýdymlary hut Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilip, onuň setirlerindäki sözleriň düýp özeni bilen diňleýjiniň aňyna we ýüregine juda kämil görnüşinde ýetendir. Halkmyzyň medeniýetini we sungatyny biziň beýik şahsyýetlerimiziň edebi milli mirasyny dünýä tanadan hem- de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanynyň ýagny Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň berk bolmagynyň gije- gündiz aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Güljeren Sähetliýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar
Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 2-nji ýyl talyby