Islandiýanyň günorta-günbatarynda birnäçe hepde dowam eden güýçli ýer titremelerinden soň wulkan oýandy we lawa akyp çykýanlygy göründi.

Noýabr aýynda Grindawik şäheriniň 4000 töweregi ýaşaýjysyny ýer titremesi zerarly howpsuz çäklere göçürildi. Partlama şäherden birnäçe kilometr uzaklykda başlandy.

Islandiýanyň Daşary işler ministri Bjarne Benediktsson, partlama sebäpli uçuşlarda hiç hili meseläniň  ýokdugyny aýtdy.

Metbugat gullugy: “Seýsmiki işjeňlik GPS enjamlarynyň ölçegleri bilen bilelikde magmanyň günorta-günbatara tarapa hereket edýändigini we atyşyň Grindawik tarapa dowam edip biljekdigini görkezýär” diýip belledi.

Islandiýaly seýsmolog Kristin Jonsdottiriň pikiriçe, sekuntda 100 – 200 kub metr aralygynda lawa zyňylýar, bu hem sebitdäki öňki atyşlardan birnäçe esse köp diýip nygtady.

Rejepow Huşnutbek

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby