Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli we edebi miraslarymyzyň halkara derejelerinde dabaralandyrylmagy dogrusyndaky tagallalary bilen Watanymyzyň şöhratyny dünýä ýaýjak ýaş nesillere aýdyň nusgalyk ýol görkezýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni Toýly Jänädow hem ýazyjy Aşyrmät Garlynyň «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly hekaýasyny türk diline terjime edipdir. Bu hekaýa Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 2023-nji ýylyň dekabr aýyndaky 204-nji sanynda «Cenneti kapı kapanmasın» ady bilen neşir edildi.
Ýazyjy Aşyrmät Garlynyň beýik türkmen akyldary Nejmeddin Kubranyň watanperwerliginden söhbet açýan «Jenneti gapy ýapylmasyn» atly taryhy hekaýasyny Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň kardeskalemler.com resmi web sahypasynyň
https://kardeskalemler.com/yazi/cenneti-kapi-kapanmasin-65699d0192ffe elektron salgysyndan türk dilinde okap hem, okalan audio ýazgysyny türk dilinde diňläp hem bilersiňiz. Ady agzalan taryhy eseri bu ýerde Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen 204-nji sanynyň pdf görnüşiniň 54 – 57-nji sahypalaryndan hem okap bilersiňiz.