Dünýäde (biosferada) haýwanIaryň 8 milliondan gowrak görnüşi duşýar. Olaryň bedeninde madda çalşygy we energiýa öwrülişigi çalt geçyar. Haýwanlaryň köpüsiniň çakgan hereketde bolmagy, nerw ulgamynyň oňat ösendigi we başgalar olary ösümliklerden tapawutlandyrýar, şeýle hem haýwanlaryň ýer togalagynda giňden ýaýramagyna ýardam edýär.

Haýwanlaryň her bir görnüşi ekologik tekjäniň bir basgançagyny eýeleýär we iýýän iýmitine görä dürli toparlara degişli bolýar: ýaprak iýijiler, agaç özenini iýijiler, kök iýijiler, tohum we miwe iýijiler, gül tozanjyklaryny we bal şirelerini iýijiler, kömelekleri iýijiler, ölen janly-jandarlaryň galyndylaryny iýijiler, haýwan bedenlerini iýijiler we ş.m.

Haýwanlaryň tebigatdaky ähmiýeti – olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, tohumlaryny ýaýradýarlar, haýwan maslyklaryny iýip tiz dargadýarlar, topragyň hapalanmagynyň öňüni alýarlar, topragyň gurplanmagyna we howanyň arassa bolmagyna ýardam edýärler, haşal ösümlikleriň we zyýankeş mör-möjekleriň çendenaşa köpelmeginiň öňüni alýarlar we başgalar.

Haýwanlaryň adamyň durmuşyndaky ähmiýeti – ýabany haýwanlary öý haýwanlarynyň täze tohumlaryny almak üçin peýdalanýarlar, olardan azyk, dokma, ýeňil, saglygy goraýyş senagatlary üçin çig mal alýarlar, şeýle hem ýokary duýujylygy bolan tehniki tilsimatlaryň çözgüdini tapmakda, ýabany haýwanlaryň käbir görnüşlerini bolsa awçylykda, gözellik, çeperçilik hünärlerinde we medeniýetli dynç alyş saparlarynda peýdalanýarlar.

Adamlar haýwanlaryň ähli görnüşlerini hojalyk bähbitleri boýunça iki topara bölýärler: peýdaly we zyýanly. Bu bölüniş şertlidir we nädorydyr. Çünki, tebigatda şol bir haýwan görnüşi ýyl boýy adam we onuň hojalyk işleri üçin peýdaly ýa-da zyýanly bolup bilmez. Sebäbi haýwanlaryň iýýän iýmiti pasyllaýyn üýtgeýär we olar bir pasylda adama we onuň hojalyk işine peýda getirse, beýleki pasylda onuň hojalyk işlerine azda-kände zyýan ýetirmegi mümkindir. Tebigatda olar biri birleri bilen ekologik gatnaşykda bolup biodürlüligiň durnukly saklanmagyna ýardam edýärler.

Türkmenistanda haýwanlaryň 13 müňden gowrak görnüşi duşýar . Bu görnüşleriň 12 müňden gowragy oňurgasyz we bogunaýakly haýwan toparlarydyr. Olardan galany, 711 görnüşi oňurgaly haýwanlardyr (guşlar – 404, balyklar -95, süýdemdirijiler – 104, süýrenijiler -86 we başgalar).

Muhammedowa Lälezar

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby