Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly, kämil bilimli ýaş nesli kemala getirmek döwlet ösüşiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şahsyýetiň umumy medeniýetini, onuň jemgyýetde döredijilik, işjeňlik ukyplaryny kemala getirmekde, oňat bilim-terbiýe almagynda kitaplaryň gymmatly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby ähli watandaşlarymyz üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Bu kitap taryhy jähetden gymmatly ähmiýete eýedir, onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Bu kitap ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup, geljekde bu ugurda gymmatly gollanma, ylmy taglymat hökmünde öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen bu kitabyň sahypalarynda ýaşlaryň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän dürli fotosuratlaryň ýerleşdirilmegi onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýär. Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Kitabyň ilkinji sahypasynda Hormatly Prezidentimiziň: «Biz orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgul bolýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýäris» diýip bellemegi uly mana eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ganatly sözleriniň aňyrsynda beýik ynam bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.
Bu günki gün türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler , döredýärler, gurýarlar, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň ynamy biz ýaşlary täze üstünliklere , belent maksatlara ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabyny hut ýaşlara , olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlamagynda-da biz şeýle belent ynamy duýýarys. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimziň watandaşlarymyza sowgat eden, halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eseri gutly bolsun!

Aýsona SEÝIDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.