Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndaky: «Halkymyzyň taryhyna, şu gününe we geljegine dahylly pikirlerimi, garaýyşlarymy, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, ilkinji toplan tejribelerim hakyndaky pikirlerimi şu günlerem gündeligime ýazmagy dowam etdirýärin. Bu gün seljersem, gündeliklerim, olardaky ýazgylar ep-esli bolupdyr. Olary okyjylar bilen paýlaşmak islegi döredi. Atam pahyryň maslahatyna eýerip, kitap ýazmak hakynda pikir edip başladym.» – diýen paýhasly taglymy biz türkmen ýaşlarynyň ruhuny galkyndyryp, milli Watançylyk buýsanjyny dowamata atardy. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu täsin kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň waspy beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp örän baý many-mazmuna eýe bolmak bilen bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen 2023-nji ýylda, ýagny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleri beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu täsin kitaby biz ýaş nesiller üçin bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatly hazynadyr, kämil bir şahsyýet bolup ýetişmeklik üçin özboluşly bir durmuş ýörelgesidir. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby biz ýaşlar üçin Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemeklige, umuman, häzirki eşretli zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri iş ýüzünde amal edip, belent maksatlara ýetmeklige ruhlandyryjy gymmatly durmuş gollanmasydyr. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitaby biz ýaş nesilleriň hemişelik ýan kitabyna öwrüldi.
ARTYKOWA Jennet
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Myradowa Bahar