Berkarar döwletimiziň täze Galkynyşy döwründe ajaýyp zamananyň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar türkmen ýaşlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly täsin kitabynda bilimiň terbiýe bilen geçilmeli gymmatlykdygy barada bellän paýhasly taglymy diýseň özüne çekiji parasatly tymsaldyr. Çünki, hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda örän ýerlikli belleýşi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz milli bilim ojaklaryndan çuňňur bilimli, şol bir wagtyň özünde-de iňňän salyhatly, medeniýetli, umumadamzat gymmatlyklaryna, milli däp-dessurlara, hereket edýän kanunçylyga hormat goýmagy başarýan nesli terbiýeläp ýetişdirmegi talap edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da ýurdumyzyň bilim ojaklary milli terbiýeçilik babatda:
- Türkmenistanyň ähli çagalaryna 6 ýaşa ýeten pursadyndan başlap, hökmany orta bilimi öz wagtynda almaklyk üçin, döwlet tarapyndan kepillendirilen deň hukuklary we mümkinçilikleri bermek;
- bilim berýän edaralarda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmak hakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn görkezmelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmek;
- okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemek, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen utgaşyklylykda guramak;
- okuwçylarda watançylyk, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy baradaky asylly pikirleri, öz halkyna, Watana hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepalylyk duýgularyny kemala getirmek;
- okuw işini türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guramak ýaly baş wezipeleri durmuşa geçirýärler.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň milli terbiýeçilik mekdebi babatdaky bu baş wezipeleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza, berkarar döwletimize, türkmen halkymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, ylym-bilim babatda döwrebap aňyýetli, giň dünýägaraýyşly kämil nesilleri kemala getirmekligiň düýp esas özenidir. Bu asylly işi durmuşa geçirmeklikde bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby paýhas ýörelgesi bolup hyzmat edýär.