Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň esasynda mekdebe çenli bilime örän uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli bilim we terbiýe bermegiň usulyýeti düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejeleri bolsa, okatmagyň häzirki zaman ösen ylmy-usuly we halkara iş tejribeleri esasynda ýokarlandyrylýar. Munuň özi dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilip, bu ugurda toplanan oňyn tejribeleriň mekdebe çenli bilim ulgamynyň işine ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň ylymly-bilimli, Watana, il-güne wepaly ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip belleýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň yzygiderli artmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ylmy edaralara, ýokary okuw mekdeplerine, orta mekdeplere, mekdebe çenli çagalar edaralaryna iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.
Döwrebap bilimi we ösen ylmy döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkyň ýokary ýaşaýyş derejesiniň ygtybarly binýady hasap edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň aň-bilim, ylmy-tehniki kuwwaty täze derejelere çykarylýar. Milli ylym-bilim ulgamynyň hereket edýän hem-de täze gurulýan edara ediş we dolandyryş , okuw-usulyýet binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýan ýokary amatlykly okuw mekdeplerinde ýaşlaryň çuňňur bilim almagy, geljekde saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmagy, ylma-bilime höweslenmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Bilşimiz ýaly, ýaşlaryň arasyndan kämil hünärmenleri taýýarlamak biziň ýurdumyzda iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim ojaklarynda talyp ýaşlara hünär öwredilişi ösen tehnologiýalaryň esasynda üstünlikli amala aşyrylyp, okuwlar kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda alnyp barylýar. Talyp ýaşlara hünär öwretmekde täze tehnologiýalara, öňdebaryjy usullara daýanylýar. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Döwrebap ylym-bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri kämil bilim almak bilen bir hatarda, öz söýýän käriniň hünärmenleri bolmakda hem olar ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
LEÝLI Mämmedowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby