Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.

Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagy, onuň döwrebap hukuk goragynyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda, pederlerimizden şu günlerimize ýeten maddy we maddy däl mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr.

Magtymguly Pyragynyň öý muzeýiniň döredilmegi, paýtagtymyzdaky iň baýry ýokary okuw mekdebine onuň adynyň dakylmagy, birnäçe dostlukly döwletleriň şäherlerinde heýkelleriniň goýulmagy, aýratyn-da dagyň beýik eteginde onuň ýadygärliginiň we ajaýyp seýilgähiň gurulmagy, geljek ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagynyň meýilleşdirilmegi, bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyra goýýan sylag-sarpasynyň, hormatynyň ýokary derejededigini görkezýär.

ÇARYÝEWA Aýsona
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Gurbanmyradowa Keýik