Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň göze gelüwli keşbi ,uzaklardan seretseň, gülli deňzi ýada salýan äpet Garagumy dünýäniň müňlerçe jahankeşdelerinde täsirini galdyran tebigatdyr. Tebigatyň janly- jandarlarynyň bu ýerde jüda köp dürli bolmagy, biziň topraklarymyzda berekediň, mähriň hem- de türkmen diýlen gyzgyn düşünjäniň barlygyndandyr.

Ber­ka­rar  döwletimiziň Täze eýýäminiň Galkynyşy döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýurdumyzy bagy- bossana öwrüp, jenneti mekan görnüşine getirmekde şu ýyl “Pähim- paýhas ummany, Magtymguly Pyragy ýylynda hem uly işler alnyp barylýar. Gök, bakja önümlerini ösdürip, halkymyzy bol- elin durmuşda ýaşatmak, bereketli türkmen topragynyň halkynyň şygary bolsa, şahyryň hormatyna Döwletli diýarymyzyň abraýyny öňkülerden has-da göge götermek halkymyzyň baş şygarydyr. Çog­ly gü­ne­şe baý top­ra­gy­my­zyň müň dür­li öwüş­gin­li te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak, ýe­ras­ty we ýe­rüs­ti baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.Elbetde şol baýlyklarymyzy aýawly saklamak bolsa, bu günki gün biziň paýymyza düşýär. Ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li­halk işi­niň öze­nin­de adam­la­ryň daş­ky gur­şaw bi­len ara­syn­da­ky saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­mek,abadan durmuşymyyz ýaşyl gözellik bieln ýene- de bezemek we öňki agaç nahallaryna ideg etmek meselesi hem biziň ýurdumyzda ählihalk ulgamyna öwrüldi. Ra­ýat­la­ryň aras­sa ho­wa şert­le­rin­de uzak ömür sür­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bolsa, bu günki gün ýurudmyzyň ykdysadyýetine- de syýasatyna- da öz ähmiýetini ýetirer.Türkmen Döwletinde tutulýan toýlaryň goşalanmagy bu günki gün halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýylymyza hem-de Gahryman Arkadagymyzyň zehininden gaýnap çykan ajaýyp şygryň tagzymyna hormat edilip, “Pähim- paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýyly diýip, atlandyrylmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Şu ajaýyp ýylda Magtymguly Pyragynyň hem 300 ýyllyk ýubileý baýramçylygyny geçirip, dünýäniň çar künjünde türkmeni tanaýan halklar bilen dostana gatnaşykda bolmak, bu günki gün şahyra goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Türk­men top­ra­gy­na gö­zel te­bi­ga­ty ba­gyş edilmegi “Hak sylamyş bardyr ýaşyl ýaýlasy” diýip ýazan Magtymguly Pyragynyň döredijilik aýratynlyklaryndan söz açmaga hem- de türkmeniň çölüni wasp etmäge mümkiçilik berýär. Ýur­du­my­zyň dag­dyr düz­le­rde bit­ýän ösüm­lik­ler, sa­ýa­ly we mi­we­li agaç­lar örän köpdürlidir we olaryň arasynda tebigatymyzy, topragymyzy has gowy görýän müňýyllyk agaçlar hem bardyr. Gül­zar­ly­ga öwür­ülen  de­ňiz- der­ýa­lar we köl­ler, dag­lar­dan, çöl­ler­den öwüs­ýän ja­na şy­pa be­ri­ji ho­wa,bu­la­ryň äh­li­si te­bi­ga­tyň yn­sa­na eçi­len üm­mül­mez baý­ly­gy hök­mün­de dur­mu­şy­myz bi­len ba­daş­ýar. Türkmen tebigatynyň ümmülmez giňişliginde ýaşap, şu topragyň çöregini iýip, onuň Magtygmuly Pyragy ýaly beýik oglunyň adyna hormat edilýän ýylynda bahar aýlarynyň ýakynlaşmagy bilen ýurdumyzyň bagy- bossana öwrülmegi üçin biz – talyp ýaşlar hem elinden gelenimizi aýamarys.Şu topraga hyzmat edýäniňe,okuwlarymyzda üstünlik gazanyp, daşar ýurt bäsleşiklerinde ýeňiji bolup, ýaşyl watan baýdagynyň astynda öz iliň bagtyýar durmuşyna guwanýarsyň!ekologiýa abadançylygyny goramak we onuň gymmatyny artdyrmak, ýurudmyzda ýaşyl zolagyň täsirini körpe nesillere hem düşündirmek biziň iň uly borjumyzdyr. Abadan ýaşaýyşy kemala getirmekde we enelerimiziň hem- de çagalaryň bagtyýar durmuşynyň lezzetini artdyrmakda gökje baglaryň gymmaty ulydyr. Çünki tebigat gözel boldugyça ynsan balasy gowy ýaşaýar. Onuň durmuşy öňküsinden has gözelleşýär. Tebigatyň gözelligini kemala getirmek , oňa ideg etmek bolsa, ynsanyň borjydyr.

KAKALYÝEWA Orazgözel
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 202-nji toparynyň talyby