Dünýäniň çar künjünde häzirki zaman tehnologiýalrynyň ornaşdyrylmagy bilen komputerleşdirmek ösüşinde has ösen çylşyrymly sanlaşma adamzadyň ösüş aýratynlygyny gün geldikçe täzeçilleşdirýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlarynyň çäklerinde «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa-da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Dogrusy eýesiniň güýji bilen dolandyrylýan hadysalary awtoulaglar ýa- da hiç hili eýesiz ulaglar bu günki gün dünýä tehnologiýasynda geň hadysa däldir.
Häzriki döwürde dünýäniň ýüzünde “akylly öýleriň” köpelmegi we olaryň täsinden, täsinleriniň ýüze çykmagy, şol bir wagtyň özünde eýesini tanamak, onuň sesi bieln öýüň dolandyrylmagyny gazanmak ýaly gyzykly hadysalar , baryp sensorlar zamanasynyň altyn çagynda amala aşyryldy. Sanly tehnologiýalaryň ösüşi adamzadyň aň- ösüş derejeleriniň akyl ýetirilmesizligine hem-de şol ulgam boýunça durmuşymyzy has-da öňdebaryjy edip kesgitleme bermek ugry boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň admalar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr. Emma eýesi ýok wagty öýüň gowy saklanmagy we öz aklyny ulanmagy bolsa, gerekli zatdygyny subut etdi.
Öý eýesi ýok wagty, jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Öýüň howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edilýär.Dogrusy sensorlar dünýäsi ilkinji nobatda “eýesine tehnologiýany okatmak” bilen amala aşyrylýar. Munuň özi gelejegi saglaýan täzelikçileriň tapan oýlap tapyjylygydyr. Dogrusy Adam ýok wagty öýde hereket duýulsa, intellektual ulgama ornaşdyrylan habar beriş enjamlary wideoşekil görnüşinde öý eýesine habar ugradýar. «Akylly öý» ulgamy «akylly» programmalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Olar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, merkezi nokatdan girip bolýar. Noutbuklar, planşetdir smartfonlar ýa-da beýleki «akylly» enjamlar merkezi nokat bolup hyzmat edýär.
Çünki birtopar ownuk öý işlerini ýada salmak we ýerine ýetirmek, temperaturadan başlap, çyglylyga çenli gözegçilik diňe bir artykmaç wagt talap etmän, eýsem, ünsüňi bölýär.Sanlaşdyrylan dünýäde has ýokary netije gazanmagy başarýan tehnologik zamana bolsa, bu günki gün has ýokary hilli tehnologiýalaryň döremegine öz täsirini ýetirýär.Şeýlelikde bolsa, biziň durmuşymyz özgerýär, ösýär. Şoňa görä-de, «Akylly öý» ulgamy häzirki zamanyň iň amatly ofis we öý dolandyryş usuly hökmünde barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwür ýaly, tehnologik ösüşleriň zamany bolmagy bolsa, bu günkigün täze ymtylyşlara barýan adamzat taryhynda iň ösüşler zamany bolup ýadygärlik galar.
Sähra Muhammetrüstemowa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Maglumat ulgamlary we torlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby