Ylym beýik ösüşlerimiziň hem üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda badalga berlen düýpli özgertmeleriň ylmy esaslandyrmalara daýanmagy geljekki ösüşleri şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, “Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir”.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek ugrunda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigi hormatly Prezidentimiziň golaýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigi barada berlen hasabatda öz beýanyny tapdy. Hasabatda dürli ugurlar boýunça talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegiň, hususan-da, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada hem aýdyldy.

Biziň Türkmenistanyň  Oguzhan adyndaky inžener–tehnologiýalar  uniwersitetimizde hem bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýa tarapyndan guramaçylyk işlerini Sukuba şäheriniň uniwersiteti öz üstüne aldy. Golaýda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýapon-türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň arasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ylym-bilim ulgamynda, hususan-da, Ýaponiýa ýaly tehnologiýa taýdan ösen döwlet bilen innowasion ulgamda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi meýilleşdirilýär.

Bu özara hyzmatdaşlykda biziň ýurdumyzda ýapon diliniň, şeýle hem Ýaponiýada türkmen diliniň öwredilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.  Munuň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Umumy pikire görä, bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle işler ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalardan nyşan bolup, eziz Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam eder.

Ejegül REJEPBERDIÝEWA,

Oguz han adyndaky Inžener tehnalogiýalar uniwersitetinyň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Işgärleri dolandyrmak ugrynyň talyby