Populýasiýa näme? Ekologiýada populýasiýa diýip, öz aralarynda bir-birleri bilen gatnaşykda bolan hem-de bilelikde bir umumy çäkde ýaşaýan şol bir görnüşiň dürli ýaşdaky wekilleriniň toparyna aýdylýar. Populýasiýa sözi “population” diýen fransuz sözünden gelip çykandyr we ol türkmen diline terjime edilende “halk, ilat” diýmegi aňladýar. Şeýlelikde ekologik populýasiýany kesgitli bir çäkde mesgen tutan bir görnüşiň toplumy hökmünde kesgitlemek mümkindir.
Bir populýasiýanyň agzalary biri-birlerine daşky gurşawyň şertleriniňkiden ýa-da bilelikde ýaşaýan beýleki görnüşleriň wekilleriniňkiden az täsir etmeýärler. Populýasiýalarda görnüşleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ol ýa-da beýleki bir görnüşi ýüze çykýar. Emma şol gatnaşyklaryň arasynda özara bähbitli bolan we bäsdeşlik gatnaşyklary has aýdyň görünýär. Görnüşiň içindäki gatnaşyklar nesil öndürmek bilen baglanyşykly bolan gatnaşyklardyr, şol gatnaşyklar dürli jynslaryň (ene we ata) wekilleriniň arasynda amala aşyrylýar.
Jynsly köpeliş mahalynda genleriň alyş-çalşygy populýasiýany bitewi bir genetik ulgama öwürýär. Eger-de, garşylyklaýyn tohumlanma ýok bolsa we wegetatiw jynssyz (partenogenetik) ýa-da beýleki köpeliş usullary agdyklyk edýän bolsa, onda genetik gatnaşyklar gowşaýar. Populýasiýa bolsa gurşawy bilelikde ulanýan klonlaryň ýa-da arassa ugurlaryň ulgamy görnüşinde bolýar. Şonuň ýaly populýasiýalar, esasan, ekologik baglanyşyklaryň esasynda birleşendirler. Ähli ýagdaýlarda hem populýasiýalarda nesil galdyrmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýän gurşawyň çäkli baýlyklaryndan peýdalanmaga ýardam edýän kanunlar hereket edýärler. Munuň özi, esasan, populýasiýanyň agzalarynyň mukdar taýdan üýtgemesi arkaly hasyl bolýar. Köp görnüşleriň populýasiýalary olarda öz sanyny sazlamaga mümkinçilik berýän häsiýetlere eýedir.
Populýasiýada wekilleriň kadaly sanynyň saklanmagyna populýasiýanyň deňagramlylygy ýa-da gomeostazy diýilýär.
Populýasiýanyň gomeostatik mümkinçilikleri dürli görnüşlerde dürlüçe ýüze çykýarlar. Olar wekilleriň özara gatnaşyklarynyň üsti arkaly amala aşyrylýar.
Şeýlelikde toparlaryň birleşmeleri hökmünde populýasiýalara birnäçe ýörite häsiýetler mahsusdyr. Şol häsiýetler aýratyn alnan wekil üçin mahsus däldir.
Aýmämedow Dörtguly
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 106-njy toparynyň talyby

RU












