Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen ýaşlaryndan bu günki gün dünýäniň iň ösen täzelikleri barada täze işleri döredilmegini talap edýär. Munuň özi Türkmenistanyň ösen dünýä ýurtlarynyň hatarynda täze döredijilik üstünliklerine ýetmek üçin kämilleşýändiginden nyşan hasaplaýan.

Haçanda agzybirlik bilen işleneninde ähli zatlarda ussatlyk ýüze çykanynda hem- de şol sahna tomaşaçyny kökerdip bileniňde teatryň sazlaşyk diline düşünip bolýar. Dogrusy biziň halkymyzyň milli äheňliligi onuň reňk sazlaşykly geýnişi sahnada käte özüňi hem aljyradýar. Häzirki döwürde tehnologiýalaryň orny hakda hem- de dünýäniň tejribesindäki işleri ulanmaga mümkinçilik bar. Täze döwrümiziň sahnalaryna, edebiýat neşirlerine, kino dünýäsine täze eserler gerek. Şol eserlerde täzeçe nazar bilen taryha ser salmak üçin hökman millilik bilen dünýäň gazananlaryny hem aralaşdyryp, döredijilik etmek döredijilik ynsanlarynyň paýyna düşýär. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sany- sajagy ýok. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban we Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sany- sajagy ýok. Tehnologiýalar dünýäsindäki ösüşler hem gönüden- göni ýaşlaryň dünýägaraýşy bilen ösmeli , özgermelidir. Şeýle mümkinçilikler döredilýän ýurtda ýaşlaryň hyjuwly zähmet çekip, ýurdumyzyň sanly bazaryny ösdürmekde uly derejelere ýetmeginde ýaşlar gönüde3n- göni baglanşykly gatnaşmalydyr. Biz hem bu ajaýyp ösüşlere öz goşandymyzy goşmak üçin elimizden gelenini edýäris. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban we Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys.

ANNANUROWA Oguljennet
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby