Töwekgellik–bu adaty serișdeleriň we usullaryň üsti bilen ýetip bolmajak peýdaly netijeleri önümçilik üçin howply ýagdaý dörese-de gazanmakdyr.
Ýolbasçy belli bir karara gelenden soň önümçilikde uly üstünlik gazanjakdygyny ýa-da ýitgä sezewar boljakdygyny öňünden anyk bilmeýar. Üstünligiň we ýitgiň ähtimallygy deň bolýan ýagdaýlary duș gelýar. Ol göz önünde tutulan ýagdaýyň üýtgemegi esasynda döreýar. Ýokary netijelere alyp barýan dolandyryș çözgütleri däp boýunça töwekgel bolýarlar. Uly üstünligi we ýokary netijeleri töwekgel hereket etmän ýetmek kyn bolýar. Hemișe-de ykdysady ösüș belli bir derejede ýolbasçynyň zähmetiniň guralyșyna, onun töwekgel hereket etmäge taýynlygyna baglydyr.Bazar ykdysadyýetine geçiș döwründe onuň ähmiýeti has hem artýar. Öň töwekgelligiň netijelerini döwlet öz üstüne alýardy. Häzir beýle däl. Eýeçiligiň dürli görnüșleriniň peýda bolmagy, hatda döwlet kärhanalaryň özbasdaklygynyň ginelmegi ýolbasçylardan dolandyryș çözgütlerini kabul edenlerinde töwekgel hereket etmegi we üstünlik we ýitgi üçin jogapkärçiligi öz üstüne almagy talap edýär.
Töwekgellik–bu öňde duran wezipeleri çözmäge ugurtapyjylyk bilen çemeleșmekdir. Eger önümçilik maksatlaryna ýetmegiň bașga has netijeli ýollary tapylmaýan bolsa, onda töwekgel hereket etmek maksada laýyk bolýar. Töwekgellik dürli alamatlar boýunça toparlara bölünip bilner. Töwekgellik döreýiș çeșmeleri boýunça seýle bölünýär:
- a) hojalyk töwekgelligi ;
- b) adamynyň șahsyýeti bilen bagly töwekgellik;
- c) tebigy güýçleriň täsiri bilen șertlenen töwekgellik.
Döreýiș sebäpleri boýunça töwekgellik așakdaky toparlara bölünse amatly bolýar:
- a) alynjak netijeleriň näbelliligi;
- b) arkalașykly hyzmatdașlaryň hereketleriniň öňünden bilinmezligi;
ç) maglumat ýetmezçiligi.
Bașarjaň ýolbașçy ykdysady ulgamyň ýeke bir ykdysady däl, eýsem durmuș serișdelerini hem adam faktotynyň üsti bilen doly ulanýar. Ýokary derejede ösen hojalyk ulgamynyň gazanan üstünligi seljeriș edilende șol karhanalaryň bașynda bașarjaň, töwekgel ýolbașçylaryň durandygy ýüze çykýar.
Amanow Eziz
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby