Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmakda, ilatyň islegli önümlerini öndürmekde köp sanly işler alnyp barylýar.

Muňa mysal edip ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ösüşini hem mysal getirmek bolar. Maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda, ýokary hilli maldarçyltyk önümleri öndürmekde mallaryň baş sanyny köpeltmek bilen bir hatarda olaryň tohumynyň hilini ýokarlandyrmagyň uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda saklanylýan oba hojalyk mallarynyň dürli görnüşleriniň, ýerli şertlere uýgunlaşan, ýokary önümli mallaryň täze toparlaryny döretmek maldarçylykda tohumçylyk işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen ‘Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň maksady maldarçylykda tohumçylyk işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekden hem-de tohum maldarçylygy babatda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny düzgünleşdirmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurtda bir wagtyň özünde gara mallary köpeltmek boýunça iri häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi gurulýar. Bu bolsa sarp edijileri et-süýt önümleri bilen üpjün etmek meselesini çözmäge, şeýle hem eti we süýdi eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu toplumlar saýlama tohumly ýokary hilli tohumly oba hojalyk mallaryny saklamak üçin öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün ediler.

Döwlet ýurduň  maldarçylyk ylymlarynyň emele gelmegi barada ýakyndan alada edýär, guşçulykda tejribe ähmiýetli ugurlarynyň emele gelmegini höweslendirýär, telekeçilere – maldarçylyk önümlerini öndürijilere guramaçylyk mäliýe kömegini berýär. Bu hususy maldarçylyk hojalyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ukuply oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýurtda gurulýan maldarçylyk toplumlarynyň köp bölegi düşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýarlar.

                                                          Baýmyrat Arazow

    Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby