Magtymguly türkmen halkynyň guwanjydyr. Ol halk arasynda beýik söz ussady, parasatly akyldar, görnükli jemgyýetçilik adamy hökmünde meşhurdyr. Beýik şahyr bize dürli häsiýetli, ýagny dürli temadaky goşgulary galdyrypdyr. Şolaryň biri-de şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli goşgularydyr. Bu tema Magtymgulynyň döredijiliginde esasy orny tutýar. Şahyr döwürdeşlerine adamkärçiligiň gowy sypatlaryny öwretmegi, olarda watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegi, adamçylyga gelişmeýän ýaramaz häsiýetlere ýigrenç duýgusyny oýarmagy, ynsan mertebesini wasp etmegi özüniň borjy hasaplapdyr. Magtymguly “ Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär “ diýen pikirden ugur alyp, adamlaryň biri-birini goldamaklaryny, olaryň özara gowy gatnaşyk saklamaklaryny, biri-birleriniň sarpasyny saklamaklaryny, agyr güne düşenlere maddy taýdan kömek bermeklerini isläpdir. Eger hor-homsy, aç-ýalaňaç adamlara berer ýaly zadyň bolmadyk ýagdaýynda-da, “ Ýagşy niýet-ýarym döwlet “ prinsipden ugur almaklaryny aýdýar.

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,

Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,

Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,

Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Ol hemişe ýagşylygyň, oňatlygyň ýol alyp, ýamanlygyň ýüzüniň aňry bolmagyny, haýyr işiň rowaçlanyp, ýamanlygyň ýok bolup gitmegini arzuw edipdir. Magtymgulynyň öwüt-nesihat häsiýetli goşgularynyň mazmuny we estetiki garaýyşlary adamkärçiligiň belent hem asylly sypatlaryna, adam ruhunyň gözelliklerine, täsinliklerine ýugrulypdyr. Şahyr halkyň asyrlar dowamynda adamkärçilik, edep-terbiýe, görüm-görelde babatdan toplan baý tejribesini giňden peýdalanmak bilen, olary döwrüň talabyna laýyklykda timarlapdyr, tertibe salypdyr, şeýle hem olary ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr.

Bize okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ýurdumyzy ösdürmekde mundan beýläk-de alyp barýan parasatly işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin!

ALLABAÝEWA Aýlar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby