Işi gurnamakda we alyp barmakda dürli gyzyklandyrmalaryň, aýratynlyklaryň we derejeleriň barlygy sebäpli, maglumat ulgamlaryny guramaklygyň dürli görnüşleri hem bar. Hiç bir ýeke-täk maglumat ulgamy hiç bir edaranyň ýa-da kärhananyň ähli isleglerini we talaplaryny doly derejede üpjün edip bilmeýär. Maglumat ulgamyny guramaklygyň esasynda duran maglumat ulgamynyň strategiki, dolandyryjy, bilim we ekspluatasiýa görnüşleri soňra funksional böleklere: satmak we marketing, önümçilik, maliýe, buhgalter hasaby we adam resurslaryna hem bölünýärler. Ulgamlar şu we beýleki islegleri kanagatlandyrmak üçin döredilýärler.
Guralyşyň dürli derejeleri maglumat ulgamlarynyň dört görnüşine: ekspluatasiýa derejeli ulgamlara, bilim derejesiniň ulgamlaryna, dolandyryş derejesiniň ulgamlaryna we strategiki derejeli ulgamlara hyzmat edýärler.
«Ekspluatasiýa» işletmek derejeli ulgamlar amallary ýerine ýetirijileri goldaýarlar, satuw, depozitleri, hasaplaşyk wedomostlary.nagt pula öwürmek we ş.m. guramanyň ýönekeý hereketlerine gözegçilik edýärler. Bu derejedäki ulgamlaryň esasy maksady – adaty soraglara jogap bermek we guramanyň üstünden tranzaksiýalaryň akymyny geçirmek. Bu soraglara jogap bermek üçin, maglumatlar aslynda elýeterli, operatiw we takyk bolmaly.
Dolandyryş derejesiniň ulgamlary orta menejerleriň administratiw işlerini, gözegçiligi, dolandyrylyşy we çözgütleri kabul etmekligi ýerine ýetirmeklik üçin niýetlenen. Olar obýektleriň işleýiş ýagdaýyny (gowumy ýa-da ýok) kesgitleýärler we wagtly-wagtynda bu barada habar berýärler.
Strategiki derejeli ulgamlar – bu guramanyň strategiki barlaglaryny taýýarlaýan ýokary derejedäki ýolbaşçylar üçin kömekçi gural. Olaryň esasy niýetlenilişi – bar bolan guralyş mümkinçiligi şertinde üýtgeşmeleri tertibe getirmek.
Adaty gurama her bir funksional bölegi üçin dürli derejeli ulgamlaryň esasynda gurnalyp bilner: Mysal üçin, her günki täjirçilik maglumatlaryň ýazgysyny we işlenilişini amala aşyrmak üçin täjirçilik funksiýasy ekspluatasiýa derejesinde täjirçilik ulgamyna eýe bolýar. Bilim derejesiniň ulgamy firmanyň degişli önümini görkezmek üçin döredýär. Dolandyryjy derejesiniň ulgamlary berilýän maglumatlary yzarlaýarlar we olaryň netijesinde degişli çözgütleri kabul edýärler.
Çaklaýyş ulgamy geljekki bäş ýylyň içinde garaşylýan netijeleri çak edýärler – önümçiligiň, maliýeleşdirmekligiň, buhgalter we adam resurslarynyň strategiki derejesine seredýär.
Her bir ulgam dürli guramaçylyk derejeleri bilen ýa-da olaryň birnäçesi bilen bir wagtda ulanylýan komponentlere eýe bolup biler.
Çözgüt kabul ediji derejäniň her biriniň içinde barlagçylar düzümleýin we düzümleýin däl çözgütleri tapawutlandyrýarlar. Düzümleýin däl çözgütler – bu çözgütleri kabul ediji oýlanmagy, bahalandyrmagy we tejribe ähmiýetli ýerlerde ulanmaklygy üpjün edýän çözgütler. Düzümleýin çözgütler bolsa, tersine, adaty we gaýtalanýan bolup, her gezek täze çözgüt hökmünde seredilmez ýaly, olary kabul etmek üçin kesgitli bir prosedura ulanylýar. Bu çözgütleri kabul etmekligiň iki mümkinçilik tory emele getirýär.
Şamyradowa Şirinjan
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby