Biziň ýurdumyzda nebit we gaz ulgamyna uly üns berilýär. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň görkezýän ýoly bilen ösüşlere barýar. Ýurdumyzda nebit- gaz ulgamy bolsa giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde ösen innowasiýon tehnologiýalar bilen sanlaşdyrylan bu ulgamyň gelejekde sanly dünýägaraýyşda iň iri ösüşlere mümkinçilik açjakdygy ikiuçsyzdyr. Komputerleşdirmegiň täze usulllary boýunça hem bu ulgam gelejekde we häzirki günlerde dünýä ykdysadyýetinde öz mynasyp ornuny tapýar.Nebit- gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Nebit –gaz ulgamynda alnyp abrylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde Gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligi uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir.

Topragyň astynda döreýän närseleriň biri hem toprakdan kemala gelen , şol garyndylary topragyň astynda salan , şol ýerde binýat bolan gudratly hazynalar nebit we gazdyr. Bu bolsa türkmen topragynyň iň ýokary baýlyklarynyň biridir. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem- de bir- birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Çünki gadymdan gelýän Oguz han atamyzyň däp-dessurlaryna eýerip, goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmne halkynyň ganynda bar. Munuň özi körpe nesillerimize hem ýaşlara hem uly nesliň görelde görkezmesi hem- de gelejekde gatnaşykalaryň belent nusgasyny görkezmekde uly görelde mekdebi bolmaga mümkinçilikler döredýär.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem- de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek üçin Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, zähmet çekýärler. Nebit – gaz ulgamynyň hem halkymyzyň durmuş –ykdysady şertlerini gowulandyrmakda we täze ösüşlere alnyp barylmagynda ýurdumyzdaky ösüşlerde görülip- eşidilmedik goşandy bardyr.

Ynsanperwerlik nusgalarynyň biri bolan nebit –gaz ulgamy boýunça edilen nusgalyk iş munuň şeýledigini subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijiligi bilen Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda suwuklandyrylan muzdsyz gazyň Özbegistana iýberilmesi hem-de eklenji pes maşgalalara muzdsyz berilmesi goňşuçylyk gatnaşyklarynda edilýän işleriň ýokary derejesini görkezdi.

Bu nusgalyk iş nebit – gaz ulgamynda alnyp abrylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligi uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir.

Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ajaýyp diýarymyzda bolsa, bu ugurdan zähmet çekýän ynsanlar has-da abraý alýar. Çünki ykdysady sanlaşma tehnologiýalary häzirki döwürde ösjek derejesinde ösdi.Nebit – gaz ulgamynyň hem üstünlikleri günsaýyn köpelýär. Bu halkara gatnaşyklarda has doly ýüze çykýandyr.

Gadymdan gelýän Oguz han atamyzyň däp- dessurlaryna eýerip, goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Ösüşleriň arasynda dost- doganlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda ykdysady reformalaryň hem geçirilmesi bu günki gün biziň durmuşymyzy tehnologiýalaryň gurşap alandygyny aňladýar.Häzirki zaman nebit we gaz ulgamynda kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar ulgamyň işini dolandyrmak bolsa, ýurdumyzda eýýäm birnäçe wagt bäri ösüşde.Dogrudan hem wagtyň geçmegi bilen kompýuterleriň kämilleşmegi, gazanylan üstünlikler gelejege, ösüşlere bir goşant goşjak bir ýere jemlenjek tehnologiýalar merkezleriniň döredilmegi we şol sanda nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň sanlaşdyrylan nebit we gaz ulgamyndaky komputeler arkaly döredilen işlerdigini subut etmek ususllary bu günki gün has- da uly subutnamasy boldy.Ulgam boýunça komputer tehnologiýalry ugrundan ýaşlary okatmak, ol ugur boýunça ýörite dersleri ugrukdyrmak hem bu ugurda işleýän ýokary okuw jaýlarynda amal edilýär. Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem- de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermek üçin Milli Liderimiziň hem- de Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, zähmet çekýärler.

Şeýle mümkinçilikler bolsa halkymyzyň ykdysady derejesiniň üstünlikli ösýändiginden habar berýär.Ýaşlara we halypa mugallymlara bu ugurdan öwrenmäge we okamaga, tejribämizi artdyrmaga mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Jennet Batyrowa

Gülbahar Annaberdiýewa

Türkmengaz konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary