Alymlar erkekleriň aýallardan has çalt garraýandyklaryny we 50 ýaşa çenli erkekleriň biologiki taýdan aýallardan dört ýaş ulalýandyklaryny subut edendiklerini aýdýarlar. Bu “ýaş aratapawudy” 20 ýaşyndaky erkekler bilen aýallaryň arasynda hem bar. Finlýandiýaly gözlegçiler 21-42 ýaş we 50-76 ýaş aralygyndaky ýaş toparynda 2240 sany ekizleri  öwrendiler. Alymlar ýaşy ölçemek üçin ulanylýan biohimiki epigenetiki sagady ulanyp, her bir adamyň hronologiki ýaşyny epigenetiki sagat bilen kesgitlenen biologiki ýaş bilen deňeşdirdiler. Gözlegçiler sagat ulanyp, erkekleriň biologiki taýdan aýallardan uludygyny we bu tapawudyň, durmuş ýörelgesine gözegçilik edilende-de senenama ýaşy bilen ýokarlanýandygyny anykladylar. Gözlegiň awtorynyň pikiriçe, erkek we aýal ekizler deňeşdirilende erkek 20 ýaşynda öz ekizinden bir ýaşa çenli we 50 ýaşynda dört ýaşa çenli aýal doganyndan biologiki taýdan ulydy. “Bu jübütler bir gurşawda ulaldy we genleriniň ýarysyny paýlaşdy” -diýdi. Tapawut, mysal üçin genetiki faktorlaryň jyns tapawudy we aýal jyns gormonynyň estrogeniniň saglyga peýdaly täsiri bilen düşündirilip bilner. ”

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň

Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby

Agaýewa Aýjahan