Birden astronomlar Uran planetasyndaky bolup geçen hadysa geň galdylar. Gün ulgamynda ýerden iň uzakdaky ikinji planeta mydama mylaýym asuda bolupdy, ýöne näme üçindir häzirki wagtda güýçli tupanlarda planeta “ýuwulýar”. Uran tupanlarynyň 2007-nji ýyldaky deňiz döwründe, planetanyň 82 ýyllyk orbitasynyň ýarysyny geçenden soň başlamagyna garaşylýardy. Şol bir wagtyň özünde alymlar Uran ekwatoryndaky tupanlaryň basym azalmalydygy barada  ynanýardylar. Emma beýle bolmady.

Berkli uniwersitetiniň astronomlary ýakynda doňan metanyň gaty gatlagy bilen örtülen planetanyň demirgazyk ýarym şarynda köp işlerine syn etdiler. Bu tupanlaryň käbiri şeýle bir uludyr welin, ululygy ýere ýakyn bolup, şeýle bir ajaýyp welin, hatda höwesjeň astronomlaram Uranyň üstünde uly ýagtylyklary tapyp bilýärler. Urandaky şeýle hadysalaryň has güýçli tupanly Ýupiterde bolup geçen şuňa meňzeş hadysalar sebäpli ýüze çykan bolmagy gaty ähtimal.

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň

Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby

Aşyrow Eziz