Kriptowalýuta näme?Kriptowalýuta – ýöritе elektron programma kody esasynda elektron puly. Satyjynyň üns bermezliginden peýdalanyp, adaty pullary galplaşdyrylyp, satyjyñyn üns bermezliginden peýdalanyp dükanda tölenip bilinýän bolsa, kriptowalýuta-da beýle ýagdaý işlemez. Hakykat, olaryň akylly tehnologiýasy – blokçeýn esasynda döredilendigi.

Blokçeýn näme?“Blokçeýn” (“bloklar zynjyry”) yzygiderli gurlan sanly bloklaryň zynjyryndan ybarat amallar bilen maglumatlar binýady bolup, olaryň her biri öňki we indiki bloklar barada maglumatlary saklaýar. Bu elektron depderiň bir görnüşi, elektron mehanizmi sebäpli ýazgylar üýtgemeýär – elipbiý we san belgileriniň özboluşly toplumy, bu ýerde bir nyşanyň üýtgemegi beýleki bloklaryň üýtgemegine sebäp bolýar. Blokçeýniň esasy artykmaçlygy onuň aç-açanlygydyr, her kim bloklaryň içindäki maglumatlar bilen tanşyp biler, ýöne hiç kim ony üýtgedip ýa-da ýok edip bilmez. Bitcoin – 2009-njy ýylda döredilen Bitcoin ilkinji kriptowalýuta we häzirem iň meşhurlygyny saklaýar. Bitcoin Ýaponiýaly Satoşi Nakamoto tarapyndan işlenip düzüldi – bu bir adamyň ýa-da adamlar toparynyň lakamy hasaplanýar we işläp düzüjiniň takyk şahsyýeti näbelli bolup galýar.

Suwhanberdiýew Guwanç,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň     5-nji ýyl talyby.