Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar Geňeşi we “Ýaş Bagban” ylmy gurnagy tarapyndan. Bütindünýä kösükli däneliler güni mynasybetli “Durnukly azyk howpsuzlygynda kösükli dänelileriň orny” atly ýaş mugallymlaryň we talyplaryň arasynda ylmy seminary geçirdi.

Bu seminara Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän “KämilAgrohimik”, “Geo Gis”, “Ýüpek ýoly”, Agroinžener”,”Inžener-konstruktor” ýaly  ylmy gurnaklaryň işjeň agzalary talyplar ýaşlar  we mugallymlar gatnaşdylar. Seminara gatnaşyjylar özleriniň kösükli ekinler baradaky nutuklary bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda häzirki döwürde kösükli däneli  ekinleriň biziň durmuşymyzdaky orny, ähmiýeti we olaryň ylmy taraplary, topraga täsiri, ekin dolanşygyndaky orny barada täsirli maglumatlary berdiler.

Seminarda aýratynlykda ýaş alymlary azyk howpsuzlygynyň global meselelerini çözmekde kösükli dänelileriň ähmiýetinden habarlylygyny ýokarlandyrmak we düşünjelerini giňeltmekden we wagyz etmek meseleleriniň üstünde hem giňişleýin duryp geçildi.

Seminaryň ahyrynda oňa işjeň gatnaşyp döwrebap ylmy temalar boýunça täsirli çykyş eden gatnaşylara Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar Geňeşi we eminler topary  tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy. Oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

                                                       Serdar Oraýew, Ysmaýyl Halmuhammedow

                                          Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň talyplary, “Ýaş Bagban” ylmy gurnagynyň işjeň agzalary