Türkmenistan diýarymyzda “Pähim- paýhas ummany , Magtymguly Pyragy” ýylynda Paýtagtymyzyň eteginde ýerleşýän Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzda taryhy kökleriň gadym eýýämlerden bäri gelýändigini ýene bir gezek subut etdi.Patagtymyzyň gözelligi, onuň ösüşleri häzirki wagtda ilkinji nobatda dünýä halkara guramalarynyň, dostana ykdysady gatnaşyklary ýola goýjak ýurtlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Munuň özi bolsa, Türkmenistan döwletiniň gadymy Ýupek ýolunyň ugrundaky medeniýetleri we taryhy ojaklary saklaýan uly sebitdigini ýene bir gezek subut etdi.Paýtagymyz Aşgabadyň gadymy Änew topragynyň golaýynda ýerleşmegi hem taryhy kökleriň çuň baglaryny salgy berýär.
Aşgabat şäheri merkez hökmünde müňýyllyklaryň dowamynda düýbi tutulan Parfiýanyň galyndy bölegidir. Çünki şalygyň nirededigine , nähili taryhy wakalary başdan geçirendigine düşünmek üçin merkezleşdirilen ýerlerde galan galyndylar, galalaryň sesi oňa şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Aşgabat’ barada ýazan kitabynda bolsa, bu ugra syrykdyrylan Aşgabadyň taryhy bölekdigini subut edýän nijeme wakalr, olaryň galyndylary, häzirki döwürde Parfiýa şalygynyň bütün dünýäde bäş nokadynyň bolmagy bilen düşündirilýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde ýokary hilli taryhy nazarlaryň asly mekdanlardan gelip çykmagyna üstünlikli seretmek, sowatly seretmek, Orta Aziýada şeýle taryhy ýerleriň, Merw, Änew, Hywabat, Maşady- Missiriýan ýaly toprakalrynda taryhy gymmatlyklar ýerleşýän ýerleri çuňňur öwrenmek häzirki döwürde biziň taryhçylarymyzyň iň gyzgalaňly netijeleri tapmagy bilen düşündirilýär. Çünki ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy nokatlar bu tapylgysyz topraklarda dünýäniň jahankeşdeleriniňdir, alymlarynyň aýlanmaga gelmek hem-de onuň köküni ýene-de bir gezek gözleri bilen görmäge gelmek usuly ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy boýunça edilýän işleri hem has-da aýdyňlaşdyrýar. Taryhy çuň bolan beýik şäheriň barlygyny subut etmek,Altyndepe ýaly beýik medeniýetli ýurtlarda gabat gelen beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy bolsa, bu günki gün taryhy nukdaýnazardan beýik işleriň sakasyny açýar. Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni merkezi hökmünde yglan edilmegi bolsa, bu günki gün öz taryhymyzy öwrenmäge mümkinçilik döretdi. Aşgabadyň etekleri bilen bir hatarda Abiwerd, Änew, Nusaý, Durun, Mehin,Merw, Goňurdepe taryhy gymmatlyklarynyň tapylgysyzlygy bilen dünýä taryhy hazynasyna öz agramly goşandyny goşdy.
Änew medeniýeti bilen bagly bolan Aşgabadyň taryhyna çatylýan birnäçe ýerlerde elbetde arheologlarymyz hem- de taryhçylarymyz bu zatlaryň türkmen taryhyna degişlidiigni subut etmek bilen birlikde häzirki zaman ykdysady çemeleşmekleriň ýüpek ýolunyň ugrunda bolmagynyň, Aşgabadyň hem taryhynyň ýüpek ýoluna sapmagynyň gadymy ýaňy barada gürrüň edilmäge mynasypdygyny subut etdi.Şol taryhy tapyndylarda ýüze çykan keşdeleriňdir, şekilleriň biziň türkmen gelin- gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan haly- palaslarynda gabat gelmegi hem ilkinji ýazuw medeniýetlerinde türkmen halkynyň hem bardygyny subut edýär.
Türkmen halky däp- dessurydyr, folklorlary hem- de özüniň milli gymmatlyklary bolan haly- palaslarydyr, ýokary hilli dokamakda edil taryhda bolşy ýaly şu günki gün hem beýik abraýlara mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak, türkmen halky öz mukaddes däp- dessurlaryny şu günki gün ýaş nesillerimize öwretmek usulllary bolsa, biziň başymyzy göge ýetirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edilýän işler ýurdumyzyň her bir ýerinde medeniýete ugrukdyrylandyr. Haýsy halkyň medeniýeti dünýä hazynasynda şöhlelenýän bolsa, şol halkyň ruhy hem edil täzeligiň buşlukçysy kibi naşy hem- de müdimiligiň açaryny özünde saklaýar. Munuň özi bizi her daýym buýsandyrýar. Elbetde her bir adamyň beýleki adamdan üýtgeşik bolmaga bolan islegi tebigy hadysadyr we bu halklaryň arasynda- da şeýle bolup biler. Biz gündelik durmuşymyzdaky görýän,eşidýän we duýýan,başdan geçirýän zatlarymyzy bir günüň dowamynda- da ömrüň dowamynda-da söz bilen aňladýarys.Türkmen halkynyň millilige baý dessurlaryny bu günki gün dünýä halklary bilen birlikde geçirilýän halkara festiwallarda ehm- de simfoziumlarda üstünlikli görkezmäge mümkinçilik döreýär. Şeýle mümkinçilikler bolsa, halkymyzyň öz däp- dessuryna goýýan sarpasynyň belentdigini subut edýär.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmasy esasynda birnäçe işleriň amal edilmesi bu günki gün Garaşsyzlyk Garaşsyzlyk ýyllary içinde taryhymyzy aýawly saklamak bilen bir hatarda , öz taryhymyzy nesillere öwretmek üçin ýaş alymlarymyzyň- mekdep okuwçylarymyzyň arasynda ýaryşlar geçirilmegi, olaryň öz topraklarymyza bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna bolsa, gazuw- agtaryş işlerinde hem gatnaşyp, tejribe toplamaga mümkinçilik döredilmegi bolsa, biziň ýurdumyzda taryhymyzy öwrenmekde edilýän işleriň giň mümkinçiliklerden peýdalanylýandygyny alamatlandyrýar.Teatrlarymyzda taryhy eserleri goýmak, kino dünýäsinde taryhy çeper filmleri surata düşürmek hem-de ýokary derejeli sungat işlerinde taryhymyzyň çeper keşbini beýan etmek biziň döredijilik işgärlerimiziň paýyna düşýär.
Teatr artistleri çykyşlara taýaýrlansa, bagşylar täze aýdym döredýärler, şahyrlar Garaşsyzlygymyzyň gazananlary esasynda çeper döredijilige-de uly üns berilýär.
Taryhymyzyň iň inçe baglary bolan türkmen atlarynyň hem-de alabaý itleriniň tayryhy kökleriniň hem gadymy baglary yzarlap gelýändigi diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde subut edildi. Türkmen Alabaýlarynyň syry ilkinji nobatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen açyldy. Türkmen alabaýlary iň wepaly hem- de iň duýgur, hüşgär hem- de eýesine wepaly jandar hökmünde häzirki döwürde dünýäniň çar künjünde tanalýar. Alabaý itleriniň atlary we olaryň gelip çykyş taryhyny öwrenmek üçin alymlar birnäçe ýyllaryny sarp edip, taryhda alabaý itleriň aslynyň türkmen topragynda ýaşandygyny subut etdiler. “Alabaý – Alabaý” ýa- da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopan köpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär. Ilkinji nobatda biziň topraklarymyz bilen Mesopotamiýa topraklarynyň arasynda arabaglanşygyň bolandygyny görkezýän bu taryhy maglumatlar hakykatdan hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde Altyndepäniň syrlaryny açdy. “Mesopotamiýanyň söweş itlerinden gaýdýar”- diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary umumylykda «aziat» diýlip tutulýar.
Aslynda Altyndepe bilen Şumer baglarynyň birligi hakynda türkmen alymalryndan başga dünýä alymlary hem bu taryhy kökleriň birligine yçaklamalar bilen nusga görkezýärler. Çünki Aldyndepeden tapylan öküz kellesi bolsa, bu taryhy yzlaryň birligini açyp görkezýän maglumatlara baýdyr. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda geçirilen gazuw -agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem- de häzirkizaman Orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapylmagy hem taryhy nukdaýnazardan muny subut edýän mysallaryň biridir.Türkmen alabaýynyň şu günki güne çenli türkmen çopanyna wepalylygy, onuň ýüregni öz eýesine berip, mallary aman saklamak hüşgärleigine eýeligi düşündirip bolmajak tebigy hadysadyr. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara-alalygyndan habar berýär. Hakykatdan hem bu itlerde tebigy hüşgärleigiň bolmagy bahasyna ýetip bolmajak hadysadyr. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär.Bu Mespotamiýanyň hem soňsuz çölleri bilen birigen ýaly, reňkdeş hem ykbaldaş pikirler bir nokatlary, baglanşygy özünde jemlänligi bieln dünýä ylmynda ýer alýar. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagum çölüniň ýowuz tebigatyna döz gelip, türkmen alabaýynyň hüşgärligi saklaýşy blsa, ýer ýüzündäki jandarlar bieln deňeşdirer ýaly däldir. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir. Dogrusy beýle wepaly jandarlar tebigatda az gabat geläýr. Alabaý bolsa, edil türkmen maşgalasynyň agzasy ýaly, hormatly hemsöýgüli orna mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen medeniýetiniň we taryhynyň gadymyýetden başlaýan baglarynyň subutnamasy hökmünde Änew şäheriniň- Türki dünýäsiniň medeni merkezi diýip yglan edilmegi biziň başymyzy göge ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen öz taryhymyza sarpa goýmak hem-de beýik medeniýetleri kemela getiren halk hökmünde türkmen halkynyň tanalmagy bolsa, Garaşsyzlygyň bize beren miwesidir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ylymly- bilimli, watansöýüji, ruhubelent, sagdyn, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Kümüş Aýdogdyýewa
Mähri Ataýewa
Türkmengaz Döwlet konserniniň Mary nebit- gaz orta hünär mekdebiniň mugallymlary