Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girmegi
başardy. Bu barada «Biznes Türkmenistan» Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet
komitetiniň daşary söwda boýunça hasabatyna salgylanyp habar berilýär.
2019-njy ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende 90 göterim artyp, 457,8 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Hasabat döwründe Türkmenistandan Özbegistana umumy bahasy 374,1 million
amerikan dollaryna barabar bolan harytlar eksport edilip, Türkmenistana getirilen import
önümleriniň bahasy 83,7 million dollara deň boldy.
Iki ýurduň arasynda umumy haryt dolanyşygy 2018-nji ýylda 274 million amerikan
dollaryna we 2017-nji ýylda 159 amerikan dollaryna ýetipdi.
Goňşy ýurduň Türkmenistana iberýän harytlarynyň arasynda ulag serişdeleri, mineral
dökünler, gurluşyk materiallary, elektrik we mehaniki enjamlar, demir önümleri agdyklyk
etse, Türkmenistanyň Özbegistana eksport edýän önümleriniň arasynda nebit we
nebithimiýa önümleri, polimerler, nah ýüplükler we aýna ýaly harytlar bar.
Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasynyň eksportyny
ýola goýdy. Häzirki wagtda Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman halkara ulag
geçelgesini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.