Oba hojalyk pudagy dünýä ilatynyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde iň bir möhüm pudaklaryň biridir. Dünýä möçberinde 27 mln km² oba hojalygyna ýaramly ýerleriň barlygy anyklanyldy. BMG-nyň oba hojalyk baradaky guramasy FAO-nyň berýän maglumatlaryna görä 519 müň 148 gektar oba hojalyk meýdany bolan Hytaý döwleti oba hojalygynda dünýäniň iň öňdebaryjy orunlarynda durýar. Şeýle hem bu barada 10 sany döwleti sanap geçsek olar:
- Hytaý döwleti 519 müň 148 gektar oba hojalyk meýdany eýeleýär.
- ABŞ-da bolsa 411 müň 263 gektar bolup ýagny iň uly meýdany Kaliforniýa ştaty eýeleýär.
- Awstraliýa 409 müň 673 gektar.
- Braziliýa 275 müň 30 gektar.
- Russiýa 215 müň 250 gektar.
- Gazagystan 209 müň 115 gektar.
- Hindistan 179 müň 799 gektar.
- Saud Arabystan 173 müň 355 gektar.
- Argentina 147 müň 548 gektar.
- Mongoliýa bolsa 113 müň 507 gektar meýdany oba hojalygynda ulanylýar.
BMG-niň maglumatlaryna görä oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýyldaky söwdasy 830 milliard dollara barabar bolan Hytaý döwleti hasaplanylýar.
Erkin Annageldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby