Ata-babalarymyzyň myhmansöýerligi türkmen topragynyň üstünden ýoly düşen jahankeşdeleri haýrana goýupdyr. Olar öz ýandepderlerine pederlerimiziň myhmansöýerligi barada köp sanly ýazgylary galdyrypdyrlar: XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Türkmenistanda bolup, türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşyny gözi bilen görüp, ýazgy galdyran wenger alymy A.Wamberi “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynda şeýle ýazgylary galdyrypdyr. “Türkmenleriň myhmansöýerligi, olaryň batyrgaýlygy, ylaýta-da olaryň çensiz-çaksyz azatlyk söýjüligi öwülmäge mynasypdyr” diýip ýazan bolsa, XX asyrda ýaşan Mehmet Saraý: “Türkmenler özbaşdak, ak ýürek we myhman söýüji” diýip belläpdir. Ýewropaly jahankeşde Frazer: “Haçan-da bir nätanyş (eger ol tanalýan duşman bolmasa) obaçylyga girse, onuň golaýyna baran ilkinji öýünden adamlar ylgaşlap çykýarlarda, onuň atynyň başyny tutup, düşmegini we özlerine myhman bolmagy haýyş edýärler” diýip haýran galyp ýazypdyr.

Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyr. Hatda duşmany öýüne myhman bolup gelse-de, onuň hununy geçipdir. Ýa-da myhman bir etmişli bolup gelse, öý eýesi ony yzyndan öç almaga gelenleriň eline bermändir. Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Her gün nahar bişirende «myhman paýyny» goşup bişiripdir.

Türkmençilikde myhman güler ýüz bilen garşylanyp, saçagyň başyna, öýüň törüne geçirilýär. Duz-çörek, gök çaý, kä ýerlerde süýtli gara çaý hödür edilýär. Myhman bilen saçak başynda mesawy gürrüň edilýär. Myhmana nahar-şor hödür edilýär. Myhmana duz-çörek hödür- kerem edilişi barada Keý Kowus özüniň “Kowusnama” eserinde ogluna şeýle sargyt edýär. “Ýat adamlary her gün myhmançylyga çagyrjak bolup azara galmagyn, çünki her gün myhmany göwün diýen kabul edip bilmersiň. Şonuň üçin, aýda näçe gezek myhman çagyryp biljekdigiňi öňünden oýlangyn, eger üç gezek çagyryp biljek bolsaň, bir gezek çagyrgyn, myhmana üç gezekde etjek harjyňy bir gezekde etgin. Hödür-keremiňden aýyp tapmasynlar, aýyp gözläp gelen adamlaryň hem saçagyň bereketi barada dilleri lal bolsunlar. Gelen myhmany güler ýüz bilen garşylap, oňa mynasyp hyzmat etgin, bu barada şahyryň şeýle setirleri bardyr: Myhman ha dost bolsun, ha-da keseki, Oňa bir mynasyp hormat gerekdir”

ANNAÝEWA Selbi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.