Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim syýasatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmäge we ony dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň ylmyň soňky gazananlaryny ele almaga bolan hukuklarynyň kepillendirilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň her biriniň bilim almaga bolan hukuklary Esasy Kanunymyzdan ugur alýandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy beýan edilýär.

Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda milli maksatnamalar, konsepsiýalar durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň aýratyn gyzyklanýan ugurlaryna bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge we olaryň alan bilimlerini durmuşa geçirmäge, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýip bellemegi milli bilim ulgamyny ösdürmek bilen, ýaş nesillerimiziň bilime bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm wezipäni kesgitleýär.

2023-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralarynyň ençemesi, tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar.